Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa orsýet gazynyň azalandygyny aýdýar


Polşanyň gaz monopolisti soňky günlerde Orsýetden gelýän tebigy gazyň möçberiniň 45% pese düşendigini aýtdy. Bu ýagdaý Orsýetiň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Ukrainadaky krizisiň daşyndaky dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda döredi.

Polşanyň PGNiG gaz kompaniýasynyň 11-nji sentýabrda aýtmagyna görä, akdyrylýan gazyň möçberi 9-njy sentýabrda azalyp başlapdyr.

Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy akdyrýan gazynyň möçberini özüniň azaltmandygyny aýdýar.
Ukrainanyň gaz monopolisti “Gazpromy” aýyplaýar we onuň gazyň möçberini azaltmak arkaly Ukraina Ýewropadan gaz akdyrylmagyna päsgel bermek isleýändigini aýdýar.

“Gazprom” gazyň bahasyna degişli syýasy dawalar bilen baglylykda Ukraina gaz akdyrmagyny bes edensoň, Polşa we ÝB-niň beýleki agzalary Orsýetden satyn alýan gazynyň belli bir bölegini Ukraina satyp başladylar.

Polşanyň “Gaz-System” operatory Orsýetde akdyrylýan gazyň möçberiniň azalmagy sebäpli Ukraina gaz akdyrmagy wagtlaýyn bes etmäge mejbur bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG