Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Parlament ÝB bilen ylalaşyga ses berer


Ukrainanyň parlamentiniň spikeri prezident Petro Poroşenkonyň Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa baradaky ylalaşygy 16-njy sentýabrda parlamentiň garamagyna tabşyrjakdygyny aýtdy.

Oleksandr Turçynow Werhownaýa Radanyň kanuny tassyklamak boýunça ses berişligi ”gaýragoýulmasyz” geçirjekdigini aýtdy.

Turçynow Poroşenkonyň Ýewropa Parlamenti bilen ylalaşygy bir wagtda tassyklamak barada ylalaşandygyny habar berdi.

Ukrainanyň günbatara tarapdar hökümeti Orsýetiň garçy çykmagyna garamazdan, Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa baradaky ylalaşygyň syýasy bölegine mart aýynda gol çekipdi, iýun aýynda ylalaşygyň ykdysady bölegine gol goýuldy.

Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ÝB bilen Assosiasiýa barada ylalaşyga geçen ýylyň noýabr aýynda gol çekmekden ýüz öwürmegi birnäçe aýlap dowam eden protestlere sebäp bolup, fewralda onuň wezipeden çetleşdirilmegine getiripdi. Munuň yzýany Ukrainada emele gelen krizisiň netijesinde Orsýet Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşdy, Ukrainanyň gündogarynda ýaragly konflikt başlandy.

XS
SM
MD
LG