Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet goranyşyny berkidýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir hökümet resmileri bilen gepleşikleri geçiýär. 10-njy sentýabr, 2014 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir hökümet resmileri bilen gepleşikleri geçiýär. 10-njy sentýabr, 2014 ý.

Prezident Wladimir Putin Russiýanyň goranyş pudagyna gözegçilik edýän komitetiň jogapkärçiligine degişli karara gol goýdy.

10-njy sentýabrda Moskwada “Ýaraglaryň kämilleşdirilmegini planlaşdyrmak” barada geçirilen ýygnakda çykyş eden Putin ”Russiýanyň täze ýaraglanyş bäsleşigini başlatmak niýeti ýok, emma Moskwa ýurda abanjak islendik howpa gaýtawul berer” diýdi.

Putin NATO-ny “özüni işini janlandyrmak” üçin Ukrainadaky konfliktler babatda ritorikany, ýagny çişirilen sözleri ulanmakda aýyplady.

Putin Russiýanyň täze strategik ýadro ýaraglaryny, aerokosmos goranyşyny we ýokary takyklyga eýe ýaraglary özleşdirmäge üns berjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly Russiýa özüniň Günbatar ýurtlarynyň garşysyna girizen soňky sanksiýalary arkaly Günbataryň maddy we material serişdelerine bolan garaşlylygyny azaltmaga synanyşýar.

“Mynasyp gaýtawul”

Putin Russiýanyň howpsuzlygyna abanjak islendik kuwwatly howpuň doly analiz edilmelidigini we şeýle howpuň islendigine “mynasyp gaýtawulyň” berilmelidigini nygtaýar.

Orsýetiň prezidenti öz pozisiýasyny şeýle beýan edýär: “Biz eýýäm bu barada ençeme sapar aýtdyk, duýduryş berdik. Ýagny, biz öz howpsuzlygymyzy üpjün etmek maksady bilen maksadalaýyk çäreleri görmäge mejbur bolarys”.

Putin Orsýetiň täze harby doktrinasynyň dekabr aýyna çenli düzülmelidigini hem nygtady.

Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar gündogar Ukrainadaky krizis sebäpli ýaramazlaşdy. Ukrainanyň hökümet güýçleri şu ýylyň aprel aýyndan bäri ýurduň gündogarynda Ukrainany bölmek maksady bilen baş göteren orsýetparaz separatistler bilen agyr söweşleri alyp barýar.

Geçen hepde NATO öz sammitinde Orsýet tarapyndan abanýan agressiw howpa garşy durmaga ukyply tiz gaýtawul berýän ýörite güýçleri döretmek kararyna geldi. Şeýle-de NATO hiç bir üçünji ýurduň bu harby bileleşigiň giňemeginiň öňüni almak maksady bilen NATO-nyň degişli kararyna weto goýmaga hukugynyň ýokdugyny Moskwa duýdurdy.

Kiýew we NATO Moskwany gündogar Ukrainadaky orsýetparaz pitneçilere goldaw bermek maksady bilen bu regiona rus esgerlerini we ýaraglaryny ugratmakda aýyplaýarlar. Moskwa bolsa bu aýdylýanlary inkär edýär.

“Russiýa goşunynyň 70%-ni çykardy”

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko özüniň 10-njy sentýabrda beren maglumatynda Russiýa serhediň etegindäki goşunynyň 70%-ni Ukrainadan çykardy diýdi.

Poroşenko rus goşunynyň sany barada takyk sanlary mälim etmedi, emma NATO Russiýanyň Ukrainada birnäçe müň esgeriniň bardygyny belleýär.

Poroşenko hökümet maslahatynda eden çykyşynda Russiýanyň bu ädimi “parahatçylykly inisiatiwalaryň gowy geljeginiň bardygy barada bize güýçli umyt berýär” diýdi. Şeýle-de ol, gündogar Ukrainadaky hökümet güýçleri täze hüjümleri amala aşyrmak üçin däl-de, goranyşy artdyrmak üçin gaýtadan zerur çäreleri görýärler diýdi.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öz 9-njy sentýabrda eden çykyşynda Ukrainanyň Donetks şäheriniň demirgazyk-gündogaryndaky hökümet güýçleriniň işjeň derejede gaýtadan düzülýändigini öňe sürüp, ok atyşygy bes etmek baradaky karara garamazdan, Kiýewi pitneçilere garşy hüjümleri amala aşyrmaga taýýarlyk görmekde aýyplapdy.

Gündogar Ukrainadaky ok atyşygy bes etmek baradaky ýaraşyk 5-nji sentýabrda güýje giripdi. Bu barada orsparaz separatistler bilen ukrain hökümeti Minsk şäherinde ylalaşyga gol goýdular.

10-njy sentýabrda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel gündogar Ukraina üçin parahatçylyk planlarynyň heniz doly durmuşa geçirilmändigini belläp, Ýewropa Bileleşigini Russiýa garşy täze sanksiýalary derhal güýje girizmäge çagyrdy.

Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy 8-nji sentýabrda ykdysady sanksiýalaryň täze tapgyryny girizmegi karar etdi. Emma bu sanksiýalar agza döwletler tarapyndan kabul edilse-de, häzirlikçe olar güýje girizilenok.

XS
SM
MD
LG