Sepleriň elýeterliligi

Oglunyň süňklerini gözleýän adam


"Men bu ýerden olar maňa onuň süňklerini gapyrjaga salyp getirýänçäler gitmerin."

"Men bu ýerden olar maňa onuň süňklerini gapyrjaga salyp getirýänçäler gitmerin."

Gowy geýnen, orta ýaşlaryndaky Jemaýl Hasanowiçiň ýüzünde-gözünde aýgytlylyk görünýär. Ol Bosniýa-Hersogowinanyň paýtagty Saraýewodan Podrawanýä tarap uzaýan ýoluň gyrasynda krowat goýup, düşek ýazynypdyr. Golaýynda goýlan ýazgy onuň açlyk yglan edendigini jar edýär.

"Şu ýer meniň oglum Žewad Hasanowiçiň ölen ýeri" diýip, ol aýdýar. "Men bu ýerden olar maňa onuň süňklerini gapyrjaga salyp getirýänçäler gitmerin."

Žewad Hasanowiç bu töwerekde 1990-njy ýyllaryň ortasynda, Bosniýanyň gandöküşikli urşy mahalynda öldürildi. Jemaýl Hasanowiç on ýyl mundan öň öz oglunyň galyndylaryny tapmak we jaýlamak umydy bilen Ýiten adamlaryň institutynda işlemäge başlady.

Bu insitituň derňewçisi, onuň oglunyň we 1993-1995-nji ýyllar aralygynda şu töwereklerde öldürilen beýleki birnäçe adamyň jesetleriniň ýerleşýän ýerleri baradaky habarlary yzlan Sadik Selimowiç Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Balkan gullugyna özüniň Hasanowiç bilen bile işländigini gürrüň berdi.

"Men şu gün süňk tapdym. Bu hatda öz oglumyňky bolmasa-da, meni begendirdi. Meniň süňk tapmagym olaryň tapylyp biljegini subut edýär" diýip, Jemaýl Hasanowiç aýdýar.

"Biz dört ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirýäris, emma işimiz üstünlikli däl" diýip, Selimowiç aýdýar. "Biz barlaglarymyzy dowam etdirýäris, emma biziň maglumatymyz köplenç nädogry ýa-da doly däl bolup çykýar."

"Meniň süňk tapmagym olaryň tapylyp biljegini subut edýär" diýip, Jemaýl Hasanowiç aýdýar.

"Meniň süňk tapmagym olaryň tapylyp biljegini subut edýär" diýip, Jemaýl Hasanowiç aýdýar.

Emma Hasanowiç kanagatlanmaýar.

"Men lapykeç" diýip, ol aýdýar. "Men şu gün [9-njy sentýabr] bir süňk tapdym. Ýöne bu meniň oglumyň süňkleriniň biri bolmasa-da, meni begendirdi. Men ol süňki tapanyma begendim. Meniň tapan süňküm olaryň tapylyp bilinjegini subut edýär. Men bir inspektor däl, emma men bu işi öz oglum üçin etdim."

Hasanowiç öz tapyndysy barada Selimowiçe habar berdi we ol onuň ýanyna haýdady.

"Men bu ýere çagyrylanym üçin geldim. Men onuň maşgalasyna garşy däl. Men olaryň tarapynda" diýip, ol aýdýar.

Selimowiç Hasanowiçiň adam jesediniň galyndylaryny tapandygyny tassyk etdi we prokuroryň edarasyna haty ýazyp, bu töwerekde gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge rugsat berilmegini sorady.

Hasanowiç şeýle rugsat berlen halatynda-da öz protestini dowam etdirer. Soň ol DNA barlaglary öz oglunyň süňkleriniň tapylandygyny tassyk edýänçä garaşar.

"Men kimdir başga biriniň süňküni islämok" diýip, ol aýdýar. "Men öz oglumyň ýerine başga birini jaýlamak islämok."

Hasaplamalara görä, 1992-95-nji ýyllaryň urşunda öldürilen bosniýalylaryň on müňden gowragynyň galyndylary tapylmaýar.

-- Sadik Salimowiç, Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Balkan gullugy

XS
SM
MD
LG