Sepleriň elýeterliligi

Rublyň hümmeti rekord derejesinde peseldi


Orsýet rublynyň hümmeti amerikan dollaryna garanda rekord derejesinde pese gaçy. 11-nji sentýabrda 1 merikan dollary 37,57 rubl derejesinde boldy. 12-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Orsýetiň Ukrainadaky krizisde oýnaýan roly sebäpli Moskwa garşy girizen sanksiýalary güýje girýär.

Ýewropa Bileleşiginiň täze sanksiýalary Orsýetiň nebit we ýarag pudaklaryna gönükdirilen, şol sanda halkara maliýe bazarlarynyň elýeterliligini çäklendirýän ozalky sanksiýalary has ýaýbaňlandyrýar.

Günbataryň maliýe bazarlarynyň elýeterliliginiň çäklendirilmegi Orsýetiň eýýäm gowşan ykdysady ösüşini hasam çökerip biler.

XS
SM
MD
LG