Sepleriň elýeterliligi

"Dükanlar bikanun ýapylana meňzeýär"


"Bedew" dükanlar toplumy, Aşgabat, 11-nji aprel, 2013.

"Bedew" dükanlar toplumy, Aşgabat, 11-nji aprel, 2013.

Paýtagt Aşgabadyň «Bedew» ýaşaýyş massiwindäki hususy dükanlaryň ýapylmaly edilenine dört aý çemesi wagt geçdi. Ýogsa ol dükanlar ýurduň kanunçylygy esasynda, häkimiýetleriň ýörite rugsat bermeginde açylyp, ýüzlerçe adamy iş bilen üpjün edýärdi.

Mundanam başga, «bu ýerdäki gurluşyk harytlary dükanlary jaý gurýan ýa jaýlaryny bejerýän paýtagtlylaryň iň arzyly ýeridi» diýip, ýaşaýjylaryň käbiri Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Bu dükanlaryň ozallar hem hepdeläp ýapylan halatlarynyň bolandygyny aýdýarlar, emma soň olar dükan eýeleri bilen häkimiýetleriň arasyndaky düşünişmelerden soň gaýtadan açylýan eken.

Emma bu gezek şeýle umydyň barha azalýandygy, sebäbi ozallar bir aý çemesi wagtdan gaýtadan açylan dükanlaryň indi dört aý bäri açylmaýandygyny habar berýärler.

Ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow bu dükanlaryň ýapylmagynyň sebäbi bilen gyzyklanyp, ol ýerde işlän adamlaryň käbiri bilen söhbetdeş boldy. Onuň Azatlyk radiosyna beren gürrüňini diňläp, belki, siz hem öz pikirleriňizi ýazarsyňyz.

XS
SM
MD
LG