Sepleriň elýeterliligi

Azeri aktiwisti deportasiýa edildi


Azerbaýjan asylly amerikan raýaty Said Nuri , onuň öz aýtmagy boýunça ençeme güne çeken gorkuzmalardan we azar bermelerden soň, Azerbaýjandan deportasiýa edildi.

12-nji sentýabrda Nuri özüniň Twitter hasabynda dogduk watanyndan kowulandygyny we gaýtadan ýurduna dolanyp bilmejekdigini ýazdy.

Şeýle-de, ol Bakuwy terk edip, Gürjüstanyň paýtagty Tbilisä baranyndan soň, özüne dogan-garyndaşlarynyň Azerbaýjandadygyny ýatdan çykarmazlyk barada duýduryş berýän email hatyň gelip gowşandygyny aýtdy. Ol hatyň nämälim adam tarapyndan ugradylandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şu hepdäniň başynda Nuri bilen onuň halaşýan gyzynyň jynsy gatnaşyklaryny görkezýän wideoýazgy internetde ýaýradylypdy.

4-nji sentýabrda Azerbaýjanyň resmileri Nuriniň ýurdy terk etmegini gadagan edipdiler we ony köpçülige mälim edilmeýän derňewler bilen ilteşikli soraga çekipdiler.

Azerbaýjanyň oppozisiýa tarapdary “Ýeni Fikir”, ýagny “Täze pikir” atly ýaşlar toparynyň başlygynyň öňki orunbasary Nuri mundan birnäçe ýyl öň öz guramasyna garşy derňewler başladylandan soň ýurdy terk edipdi.

XS
SM
MD
LG