Sepleriň elýeterliligi

ÝB sanksiýalarynyň gerimini güýçlendirýär


Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly roluna temmi berk maksady bilen sanksiýalarynyň gerimini güýçlendirdi.

Bu täze sanksiýalar birnäçe rus resmisiniň we kanunçykaryjylarynyň, şol sanda milletçi Wladimir Žirinowskiýniň Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki bank hasaplarynyň doňdurylmagyny we döwlet kontrollygyndaky käbir rus kompaniýalarynyň maliýeleşdirilmegine garşy girizilen çäklendirmeleri öz içine alýar.

Ýewropa Bileleşiginiň täze sanksiýalarynda nyşana alnan kompaniýalaryň arasynda Russiýanyň döwlet nebit kompaniýasy “Rosneft”, “Transneft” we “Gazprom Neft” ýaly kärhanalaryň atlary bar.

Bu çäreler 12-nji sentýabrda “Ýewropa Bileleşiginiň resmi žurnalynda” çap edilenden soň, resmi taýdan güýje girizildi. Emma 11-nji sentýabrda Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý bu sanksiýalaryň geriminiň pese gaçyrylyp ýa-da togtadylyp biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, ol bu çärelere üýtgeşmeleri girizmegiň mynasyp bolup-bolmandygyny kesgitlemek üçin sentýabr aýynyň ahyryna çenli gündogar Ukrainadaky parahatçylyk prosese syn ediljekdigini belledi.

Russiýa gündogar Ukrainadaky pitneçilere kömek etmek üçin özüniň goşun we ýarag ugradandygy barada Günbataryň aýyplamalaryny ret edýär.

XS
SM
MD
LG