Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Üç adam ölüm jezasyna höküm edildi


Hytaýyň sudy şu ýylyň başynda demir ýol stansiýasynda bolan adam öldürmeler üçin üç adamy ölüm jezasyna we birini ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

1-nji martda eli pyçakly adamlaryň Hytaýyň günorta-günbataryndaky Kunming şäheriniň demir ýol stansiýasyndaky köpçülige hüjüm etmegi netijesinde 31 adam öldi, şeýle-de 140 sanysy ýaralandy.

Hytaý hökümeti bu hüjümi amala aşyrmakda ýurduň Sinjiang welaýatyndaky separatistleri aýyplady. Bu welaýatda Hytaýyň musulman uýgur etniki azlygy ýaşaýar.

Suduň agzan atlaryndan çen tutulsa, höküm edilenleriň uýgurlardandygy güman edilýär. Hytaýyň “CCTV” telekanalynyň berýän maglumatyna görä, sud bu baradaky karary 12-nji sentýabrda çykarypdyr.

XS
SM
MD
LG