Sepleriň elýeterliligi

Russiýa harby türgenleşikleri geçirýär


Russiýa özüniň günorta regionlarynda nobatdan daşary harby türgenleşikleri geçirýär. Bu şu ýylyň başynda rus prezidenti Wladimir Putin harby birleşiklere çaltlyk bilen ýaýbaňlanmak üçin gysga wagtyň içinde ýygnanmaga ukyply bolmalydyklary barada tabşyryk berensoň, ýurduň ýaragly güýçleri tarapyndan geçirilýän harby türgenleşikleriň iň soňkusydyr.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň berýän maglumatyna görä, 11-nji sentýabrda ýurduň Gündogaryndaky harby etrabyň Ýuwaş okeanynyň töweregindäki territoriýalarynda harby uçarlary ýerleşdirmek barada tabşyryk berlipdir.

Russiýanyň gündogar regionynda geçirilen harby türgenleşiklere 100-den gowrak uruş uçarlary we dikuçarlar gatnaşdy. Olar Russiýanyň uzak gündogar territoriýalarynda ýerleşýän Anadyr, Kurile adalary we Sahalin adasyna çeli uçuşlary ýerine ýetirdiler.

XS
SM
MD
LG