Sepleriň elýeterliligi

ÝB Orsýete garşy sanksiýalary berkidýär


Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy sanksiýalary güýçlendirdi.

Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy sanksiýalary güýçlendirdi.

Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy sanksiýalary güýçlendirdi, bu gadaganlyklar Moskwanyň ukrain krizisindäki roly üçin berkidilýär. Ukrainanyň günorta-gündogarynda bäşe aýa çeken, häzir çalamydar ýaraşyk baglaşylan konfliktde üç müňden gowrak adam öldürildi.

Täze sanksiýalar emläk doňdurulmalaryny we uly derejeli resmileriň we kanun çykaryjylaryň syýahat gadaganlygyny, Orsýetiň döwlet kontrollugyndaky käbir kompaniýalaryny maliýeleşdirmegiň çäklendirilmegini öz içine alýar.

Nyşana alnan kompaniýalaryň içinde Orsýetiň iň uly nebit öndürijisi «Rosneft», şeýle-de geçiriji operatory «Transneft» we «Gazprom» tebigy gaz monopoliýasynyň nebit bileleşigi bolan «Gazprom Neft» hem bar.

Bu çäreler 12-nji sentýabrda, Ýewropa Bileleşiginiň Resmi žurnalynda ("Official Jounal of the European Union") çap edileninden soň resmi taýdan güýje girdi.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuy 11-nji sentýabrda olaryň, eger özgerişlik bolsa, gysgaldylyp ýa-da ýatyrylyp bilinjekdigini, ÝB-niň sentýabryň aýagyna çenli gündogar Ukrainadaky parahatçylyk prosesine gözegçilik etjekdigini aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko täze sanksiýalary gutlap, olaryň Ýewropanyň Moskwa we orsýetçi separatistler bilen resmi Kiýewiň arasyndaky gapma-garşylykda Ukraina bilen raýdaşlygyny görkezýändigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar hem, ÝB bilen utgaşdyrylan hereketleriň çäginde, 12-nji sentýabrda Orsýete garşy täze sanksiýalaryny aýan etmeli.

Prezident Barak Obama 11-nji sentýabrdaky beýanatynda Birleşen Ştatlaryň täze çäreleri durmuşa geçirýändigini, munuň Orsýetiň soňky aýda Ukrainadaky ýagdaýy mundan beýläk hem durnuksyzlaşdyrýan hereketleri, şol sanda gündogar Ukrainadaky agyr ýaraglanan rus güýçleri sebäplidigini aýtdy.

"Borçnamalar ýerine ýetse..."

«Eger-de Orsýet öz borçnamalaryny doly ýerine ýetirse, Birleşen Ştatlaryň sanksiýalary hem yzyna dolanyp biler» diýip, prezident Obama aýtdy.

NATO resmisi 11-nji sentýabrda Orsýetiň gündogar Ukrainada häzirem azyndan müň esgeri bar diýdi.

Orsýet Günbataryň aýyplamalaryny ret edýär we pitneçilere ne ýarag, ne esger goldawyny iberendigini aýdýar. Mundanam başga, Moskwa sanksiýalara garşy jogap çärelerini görjegini duýdurdy.

ÝB-niň soňky nyşana alan rus kompaniýalarynyň arasynda Birleşen awiagurluşyk korporasiýasy hem bar. Bu korporasiýa MIG we «Suhoý» söweş uçarlaryny öndürýän kompaniýanyň, tank ýasaýan Uralwagonzawodyň, dikuçar öndürýän Oboronpromuň, şeýle-de Kalaşnikow awtomatyny öndürýän zawodyň düýbidir.

ÝB-niň syýahat gadaganlygyna goşulan 24 adamyň arasynda gündogar Ukrainanyň separatist liderleri, birnäçe rus duputaty, şol sanda dyzmaç milletçi Wladimir Žirinowskiý, şeýle-de Rostek ýarag we tehnologiýa kärhanasynyň başlygy Sergeý Çemezow bar.

Ýewropa Bileleşiginiň ukrain krizisi bilen bagly syýahat gadaganlygyna salan adamlarynyň umumy sany, soňky goşulanlar bilen, jemi 119-a ýetdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi 11-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşigini Ukrainadaky parahatçylyk tagallalarynyň binýadyny gowşatmakda aýyplady.

Ol täze sanksiýalary «doustlyksyz hereket» diýip atlandyrdy we Moskwanyň muňa özüne «doly laýyk gelýän gaýtawul» berjekdigini aýtdy.

"Taryhy pursat"

Ukrain prezidenti Poroşenko ukrain we ýewropa parlamentleriniň ikisiniň hem 16-njy sentýabrda ýygnanyp, Ukraiananyň Ýewropa Bileleşigi bilen baglaşýan Assosiasiýa şertnamasyny tassyk etjegini aýtdy.

Ol iki parlamentiň bu şertnamany bir wagtda tassyk etmegi planlaşdyrmagyny öz ýurdunyň geljegini kesgitlemkde «taryhy pursat» diýip atlandyrdy.

Şeýle-de ol Kiýewde 12-nji sentýabrda guralan halkara konfrensiýasynda özüniň geljek hepde Waşingtona etjek sapary mahalynda Ukraina üçin NATO-da «ýörite statusy» üpjün etmäge umyt baglaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG