Sepleriň elýeterliligi

Suw gytçylygy regionda dartgynlylyga getirer


Aral deňziniň NASA tarapyndan kosmosdan düşürlen suratlary. Olaryň çep tarapdakysy 2008-nji ýylda, sag tarapdakysy 2013-nji ýylda surata düşürildi.

Aral deňziniň NASA tarapyndan kosmosdan düşürlen suratlary. Olaryň çep tarapdakysy 2008-nji ýylda, sag tarapdakysy 2013-nji ýylda surata düşürildi.

Halkara krizis topary 11-nji sentýabrda çap eden raportynda Amyderýa hem Syr derýada suwuň basyşynyň azalýandygyna ünsi çekip, bu ýagdaýyň Merkezi Aziýada, esasanam Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda dürli düşünişmezliklere, şol sanda dartgynlylygyň emele gelmegine sebäp bolup biljekdigini habar berýär.

Raportda aýdylşyna görä, krizisiň öňüni almak üçin bu ýurtlar dessine suwdan tygşytly peýdalanmagyň ýoluny gözlemeli we özara ynamy artdyrýan çärelere baş goşmaly. Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde guramanyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Deýrde Tynan, eger ýagdaý şeýle dowam etse, munuň halk bilen hökümetleriň arasynyň açylmagyna, şeýlelikde Gyrgyzystanda bolşy ýaly hökümet agdarlyşyklaryň bolmagyna getirip biljekdigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy: Deýrde, siziň pikiriňizçe, raportda öňe çykan esasy maddalar nämelerden ybarat?

Deýrde Tynan: Meseläniň çözgüdi boýunça biziň öňe süren tekliplerimizi göz öňünde tutup aýtsak, esasy öňe saýlanan mesele suw infrastrakturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna bolan zerurlyk bilen bagly ýagdaý.

Özbegistan suwarymly ekerançylykda täze tehnologiýany ornaşdyrmaly, Syrderýanyň we Amyderýanyň suwundan peýdalanmaklyk özara ylalaşyga görä amala aşyrylmaly, şeýle ylalaşyklar soňy bilen region derejesinde-de giňeldilip bilner. Elbetde, bu gaty haýal bir prosese meňzeýär, emma ol Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda özara ynamy dikeltmek üçin esas bolup hyzmat edip biler.

Gysga möhlet barada aýdylanda, regionda ýerleşýän ýurtlar araçäkleriniň birikýän ýerlerinde dartgynlygy köşeşdirmeli, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlar we olaryň tarapdarlary Özbegistanyň Täjigistandyr Gyrgyzystanda gurulmagy göz öňünde tutulýan gidroelektrostansiýa üçin zerur bolan suw bentleriniň gurluşygyna garşy tutýan berk pozisiýasyny gowşatmaga synanyşmaly.

Gyrgyzystan bilen Täjigistan bolsa gurýan äpet suw bentlerine ýygnanjak suwuň hemmä bähbitli boljak ýagdaýda ulanylmagyna kepil geçmeli.

Azatlyk Radiosy: Siz käbirlerini belläbem geçdiňiz, käbir keserip duran problemalar hakda bolsa raportyňyzda has giňişleýin gürrüň edilýär. Aýtjak bolýan zadym, bu problemalaryň uly bir bölegi sowet döwrüniň mirasy dälmi? Onuň çözülmegine näme böwet bolýar?

Deýrde Tynan: Teoretiki taýdan aýdylanda, göräýmäge, örän ýerlikli suwaryş sistemalarynyň üstünlikli bolmazlygynyň bir sebäbi - bu pudakdaky korrupsiýa. Raportda esasy üns Özbegistana, Täjigistana we Gyrgyzystana berilýär, gürrüňini edýän ýagdaýym şu üç ýurda degişli.

Meselem, Gyrgyzystanda täze suw proýektine näme boldy? Oňa ummasyz çykdajy edildi, eger ol amala aşyrylan bolsady, onda ençeme obalaryň we şäherleriň suw problemasyna çözgüt tapylardy. Bu proýektiň ykbaly bilen bagly ýeterlik derejede barlag geçirilmedi.

Bu ýurtlar korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmeli, bu, esasanam, suw serişdesi bilen bagly donor guramalar tarapyndan berilýän maliýe ýardamyň ykbalyna hem olaryň sarp edilişine berk gözegçilik etmeli we näsazlyk ýüze çykanda onuň netijesi barada ýeterlik derňew edilmeli we jenaýatçylaryň garşysyna çäre görülmeli.

Meniň pikirimçe, donorlar hem mundan beýläk etjek maliýe kömeklerini, şol ýurtlarda korrupsiýa garşy göreşiň talabalaýyk alnyp barlyp-barylmaýandygyna baglamaly.

Azatlyk Radiosy: Siz ençeme meselä we bökdençliklere ünsi çekdiňiz, eger bu ýagdaýlar dowam eden halatynda munuň netijesi näme bolar öýdýäňiz?

Deýrde Tynan: Gyrgyzystan barada gürrüňe başlasak, bu ýurt sýyasy taydan durnukly däl, we ilatynyň aglabasy bolsa garyp. Şeýle-de hökümet ilata ýeterlik goldaw bermeýär diýen pikir halkyň 2005-nji we 2010-njy ýyllarda amala aşyrylan hökümet agdarlyşyklaryna goldaw bermegine sebäp bolupdy. Gysga möhletde bu ýagdaýyň ýene gaýtalanmagy mümkin.

Uzak möhlet barada aýdanymyzda, Gyrgyzystanyň serhetlerinde dartgynlylyk barha möwjeýär. Eger sowuk gyşda hökümet ilaty ýeterlik derejede gaz hem elektrik togy bilen üpjün edip bilmese, hökümetiň halky kanagatlandyryp bilmek mümkinçiligi hasam kynlaşar.

Regiony göz öňünde tutup aýdanymyzda bolsa, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan, bularyň üçüsi hem gaty gowşak döwletler, ýurtda syýasy närazylyklar gaty adaty. Şeýle ýagdaýda hökümet ilatyň talabyny ödäp bilmese, esasanam suw gytçylygy barha möwjese, hökümet bilen ilatyň arasy barha açylar.

Serhetara dartgynlylyk barha harbylaşýar, bu, esasanam, Gyrgyzystan bilen Täjigistany göz öňünde tutanymyzda şeýle. Netijede Fergana jülgesiniň goňşularyň arasynda dartgynlyga sebäp bolup biljekdigini aýtmaga esas bar.

Elbetde, suw – çözgüdi tapylmaly uly meselelerden diňe biri. Bu meseläniň çözgüdiniň tapylmagy – hemmäniň bähbidine. Eger-de onuň çözgüdi tapylsa, bu regionyň ýaşaýjylarynyň ählisiniň durmuş standartlarynyň ýokarlanmagyna getirer. Bu örän möhüm bir mesele.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG