Sepleriň elýeterliligi

Zamunyň maşgalasy jeňçilere ýüzlenýär


«Yslam döwleti» topary tarapyndan öldüriljegi aýdylan britan zamunynyň maşgalasy jeňçilere özleri bilen habarlaşmaklaryny sorap, haýyş bilen ýüz tutdy.

Londonyň Daşary işler ministrigi tarapyndan 13-nji sentýabrda çap edilen beýanatda Deýwid Heýnesiň maşgalasynyň jeňçilerden şu wagta çenli hiç bir jogap almandygy aýdylýar.

Geçen hepde «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň amerikan žurnalisti Stiwen Sotlofyň kellesini kesişini görkezýän wideoda 44 ýaşyndaky Heýnesiň hem öldüriljekdigi aýdylyp, haýbat atylypdy.

Ol mart aýynda Siriýada tutulanda, halkara sahawatlylyk-kömek gullugynda işleýärdi.

Heýnes 1999-njy ýyldan bäri Balkan, Afrika, Ýakyn Gündogar konfliktlerinde ejir çeken adamlara ynsanperwerlik kömegini etmek bilen meşgullanýardy.

XS
SM
MD
LG