Sepleriň elýeterliligi

ABŞ goşmaça sanksiýa girizýär


Birleşen Ştatlar Orsýete garşy ýene bir tapgyr sanksiýalary yglan etdi. Bu sanksiýalar Orsýetiň goranyş, energiýa, bank pudaklaryny nyşyna alýar.

Gazna departamenti 12-nji sentýabrda hususy bank bolan «Sberbanky» maliýe çäklendirmeleriniň sanawyndaky döwlet banklarynyň hataryna goşdy.

Şeýle-de bu departament Orsýetiň ýene bäş firmasyna haryt, hyzmat, tehnologiýa ibermekligi gadagan etdi. Döwlet eýeçiligindäki goranyş tehnologiýasy firmalarynyň bäş sanysynyň emlägi doňduryldy.

Bu sanksiýalar Orsete gündogar Uurainadaky roly üçin temmi bermek maksady bilen girizilýär.

XS
SM
MD
LG