Sepleriň elýeterliligi

'ABŞ YD bilen uruşýar'


Ak tamyň sözçüsi Joş Irnest 12-nji sentýabrda, döwlet sekretary Jon Kerri bu jümläni ulanmakdan ýüz öwrenden soň, Birleşen Ştatlar Yrakdaky we Siriýadaky «Yslam döwleti» topary bilen uruşda diýdi.

"Birleşen Ştatlar Yrakdaky we Siriýadaky “Yslam döwleti» bilen, biziň «Al-Kaýda» we «Al-Kaýdanyň» dünýä ýüzündäki ähli ýardamçylary bilen uruşda bolşumyz ýaly uruşda” diýip, ol aýtdy.

Pentagonyň metbugat sekretary, kontr-admiral Jon Kirbi (John Kirby) hem 12-nji sentýabrda şeýle jümläni ulandy.

Birleşen Ştatlar «Yslam döwletiniň» jeňçilerine garşy 158 howa zarbasyny urdy we bu howpa garşy durmak üçin Yraga 1600 esger ýerleşdirdi.

XS
SM
MD
LG