Sepleriň elýeterliligi

Kerri Müsüre bardy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Yrakdaky we Siriýadaky «Yslam döwletiniň» jeňçilerine garşy halkara koalisiýa goldaw agtaryp, Kaire bardy.

Ol bu ýere Yraga, Iordaniýa, Saud Arabystanyna we Türkiýä eden saparlaryndan soň geldi. Ýerli media Kerriniň Müsüriň prezidenti Abdel Fattah al-Sisi we Arap ligasynyň başlygy Nabil al-Arabi bilen duşuşmagynyň planlaşdyrylandygyny ýazýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Yrakda we Siriýada giň territoriýany eýelän «Yslam döwleti» toparynyň ekstermistlerini ýok etmegi wada berdi.

Kerri 12-nji sentýabrda Ankarada özüniň Birleşen Ştatlaryň “Yslam döwletiniň» jeňçilerine garşy giň esasly koalisiýa döredip biljegine ynanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG