Sepleriň elýeterliligi

«Putin Ukrainany dargytjak bolýar»


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň maksady Ukrainany garaşsyz ýurt hökmünde dargytmak diýýär.

Ol 13-nji sentýabrda Kiýewde guralan halkara konferensiýasynda çykyş edip, «Putin gündogar Ukrainada ýene bir doňdurylan konflikt isleýär» diýdi.

Şeýle-de Ýatsenýuk Orsýetiň «dünýä düzgünine we tutuş Ýewropadaky howpsuzlyga wehimdigini» aýtdy.

Ol gündogar Ukrainada hökümet bilen orsýetçi separatistleriň arasynda 5-nji sentýabrda baglaşylan ýaraşygy «gyrgynçylygy duruzmagyň» «diňe birinji ädimi» hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýatsenýuk Moskwa garşy girizilen täze sanksiýalar tapgyrynyň Orsýetiň ykdysadyýetine uly howpdugyny hem belläp geçdi.

XS
SM
MD
LG