Sepleriň elýeterliligi

Zenan Al-Kaýdaçy kim?


Afiýa Syddyky, ABŞ-nyň hökümeti we FBI ony gaty köp wagtlap gözläpdi.

Afiýa Syddyky, ABŞ-nyň hökümeti we FBI ony gaty köp wagtlap gözläpdi.

Mundan iki ýyl owal Pakystan ABŞ-a gaty bähbitli bir teklip hödürledi. Şonda 2009-njy ýyldan bäri ýitirim bolan we “Talybanyň” garamagynda bendilikde saklanýan amerikan seržanty Bow Bergdahy azatlyga goýberip, ony Tehsasda saklanýan Afiýa Syddyky bilen çalyşmaklyk teklip edilipdi. ABŞ şol mahal terrorçylar bilen beýle çalşyk söwdasyna girmeýändigini aýan edip, teklibi ret edipdi.

“Al-Kaýdanyň” liderlerinden Aýman al-Zawahiri hem 2011-nji ýyldan bäri bendilikde saklaýan Warren Weýnşteýni zenan Syddyky bilen çalyşmaklygy teklip edipdi. Eger şeýle edilmese, onda ähli musulmanlara onuň aryny almaklyk barada çagyryş edipdi.

Şu ýylyň awgust aýynda bolsa, “Yslam döwleti Yrak we Lewant” toparyndan bolan terrorçylar amerikaly žurnalist Jeýms Foleýiň deregine şol zenanyň berilmegini sorady. Foleý öldürilenden soň bolsa, “Yslam döwleti Yrak we Lewant” topary indi elindäki başga bir 26 ýaşyndaky amerikaly zenan zamuny we YDYL-yň bendisi başga bir amerikaly žurnalist Stewen Sotlofy ýene şol zenan Syddyky bilen çalyşmaklygy teklip etdi.

2010-njy ýyldan bäri ençeme gezek Ýakyn Gündogarda, Afrikada we Owganystanda zamun alnan amerikaly žurnalistler, ynsanperwerlik guramalarynyň işgärleri ýa-da ýewropalylar bilen ýesir çalşygy edilmek islenýän hem ýene şol 42 ýaşyndaky Syddyky boldy.

Terrorçylar näme üçin hut Syddykyny isleýär?

Afiýa Syddyky 2010-njy ýylda kazyýet tarapyndan Owganystanda amerikalylara garşy terrorçylykly hüjümleri gurnamakda aýyplanyp, 86 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. ABŞ-nyň hökümeti we FBI (Federal derňew býurosy) gaty köp wagtlap ony örän howply jenaýatkär hökmünde gözläpdi.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr terrorçylykly hüjümlerinde ady agzalan Halid Şeýh Muhammet bilen onuň ýakyn arabaglanyşygy bar ekeni. Ol ýokary bilimi ABŞ-nyň iň abraýly hasaplanýan M.I.T ýagny Massaçussets tehnologiýa institudynda alyp, Brandeýsde hem doktorlyk derejesini alypdyr.

Uzaga çeken gözleg-agtaryşdan soň ony 2008-nji ýylda, Owganystanda tutypdyrlar. Onuň üstünden sodiýum siýanit himiki maddalary bilen häzir Ebola wirusy ýaly bir howply wirusy himiki ýarag ýaly ýaýratmaklyk üçin ýasalyş gollanmalary ýaly materiýallar tapylypdyr. FBI bilen howpsyzlyk gullugynyň işgärleri ony bir otagda sorag edýän mahaly, ýaňky zenan olaryň biriniň sapançasyny çalasynlyk bilen alyp, oňa ot açypdyr.

2010-njy ýylda ol barada kazyýetiň karary açyklanandan soňra, Pakystanda radikal-çakdanaşa oppozisiýa toparlary hökümete garşy ýörüşler gurnap, pakystan hökümetini onyň tutulmagyna, soň bolsa fiziki we ruhy gynamalara duçar edilmegine kömek etmeklik, şeýle-de yzyna gaýtarylyp berilmegini islemezlik ýaly günäler bilen aýyplapdyrlar.

Hatda Pakystanda özüne “Afiýa Syddyky harby birleşigi” diýip at beren ýaragly topar hem peýda boldy we onuň aryny almak üçin harbylara hüjümler gurnady. Peşawerde polis nokadynyň partladylmagyna, kazyýet jaýlaryna hüjümlere we 10-a golaý adamyň janyna kast edilmegine, 100-e golaý adamyň hem ýaralanmagyna şol topar sebäpkär görkezildi.

Al-Kaýdaçy hanym näme üçin ýada düşdi?

Amerikan žurnalisti Foleýiň ölüminden soň, käbir amerikaly toparlaryň hökümetiň terrorçylar bilen zamun çalşyk praktikasyna täzeden garamaklygy babatda çagyryş etmegi bilen, Syddyky gaýtadan ýada düşdi.

Hökümetiň zamunlary azat etmek üçin eglişik tagallalaryna göwnemeýändigi sebäpli olar golaýda 5 talybançynyň deregine azat edilen amerikan seržntyny ýada salýarlar.

Ýöne ABŞ-nyň howpsyzlyk gulluklary Syddykyny iň howply terrorçylaryň biri hasaplaýarlar we azatlyga çykan mahaly onuň täzeden terrorçylaryň hataryna goşuljakdygyna berk ynanýarlar.

Maşgalasy Syddykynyň çalşyk üçin ulanylmagyny islemeýär

YDYL-yň amerikaly bir zenan zamunyň deregine Leýdi Al-Kaýdany çalyşmaklygy talap etmegine Syddykynyň maşgalasy hem garşy çykýar. ABC Newsiň köpçülige ýetiren hatynda beýan edilşine görä, onuň maşgala agzalary ol gyzyň YDYL we şonuň ýaly toparlar bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny, haýsam bolsa bir zamunyň deregine öz gyzynyň adynyň agzalmagyna gaty geň galyp, düşünip bilmeýändiklerini nygtapdyrlar.

Maşgalasy “Afiýa Syddykynyň azat edilmegini isleýänler bolup biler” diýýär, ýöne munyň zorlyk ýoly bilen edilmegine garşydyklaryny aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG