Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jeza wideosy ýaranlary tijeýär


«Yslam döwletiniň» jeňçileri Siriýadaky kömek işgärini jezalandyryp öldürenlerinden soň, Günbatar ýaranlary 14-nji sentýabrda bu toparyň garşysyna has güýçli kampaniýa alyp barmagy wada berdiler.

«Yslam döwletiniň» jeňçileri 13-nji sentýabrda britan kömek işgäri Deýwid Heýnsiň kellesiniň kesilişini görkezýän wideoýazgyny ýaýratdylar. Jeňçiler bu hereketlerini Britaniýanyň demirgazyk Yrakdaky kürt peşmergesine ýarag iberendigi üçin ar alyş diýip atlandyrdylyr.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron ganhorlary tutmak üçin elden gelen zady etjegini aýtdy we 14-nji sentýabrda, hökümetiň adatdan daşary maslahatyny çagyrdy.

Awstraliýa Birleşen Ştatlary, Türkiýäni we 10 sany Aýlak arap döwletini öz içine alýan halkara koalisiýa goşulmak üçin 600 esger we 10 sany harby uçar taýýarlaýandygyny aýtdy.

Fransiýanyň prezident edarasy Heýnsiň öldürilmegi halkara jemgyýetçiliginiň YD jeňçilerine garşy näme üçin jemlenmelidigini görkezýär diýdi.

Şotlandiýaly, 44 ýaşyndaky Heýnes iki çaganyň atasydy, geçen ýyl Fransiýanyň ACTED gullugy üçin işleýärkä zamun alnypdy.

XS
SM
MD
LG