Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda onlarça aktiwist tutuldy


Pakistan sudy oppozisiýa aktiwistleriniň 100 sanysyny, bikanun protest geçirendikleri üçin, iki hepdelik tussaglyga höküm etdi.

Demonstrasiýaçylar 13-nji sentýabrda, Yslamabatdaky suduň daş işigine ýygnanyp, bu höküme garşy protest bildirdiler.

Mähelle polisiýa bilen iki sagada çeken gapma-garşylykdan soň, parahatçylyk bilen dargady.

Ozalky kriket ýyldyzy Imran Han we dini ruhany Tahir ul-Kadry tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän protestçiler premýer-ministr Nawaz Şarifiň işden çekilmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG