Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew pitneçileri aýyplaýar


Kiýew orsýetçi separatistleri, dokuz günlük ýaraşyga garamazdan, hökümet güýçlerine hüjümi ýygjamladyp, Ukrainanyň gowuşgynsyz parahatçylyk prosesine wehim salmakda günäledi.

Milli howpsuzlyk we goranyş geňeşiniň sözçüsi Wolodimir Polýowi 14-nji sentýabrda, ukrain harbylary Donetsk aeroportuna edilen hüjümi yzyna serpikdirendigini aýdandan bir gün soň, aýyplama bilen çykyş etdi.

Bu aýyplama premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugyň dünýä liderlerini rus prezidenti Wladimir Putine ynanmazlyga çagyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Ýatsenýuk Kremliň Ukrainany garaşsyz ýurt hökmünde ýok etmek isleýändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG