Sepleriň elýeterliligi

HRW derňewe çagyrýar


Halkara hukuk topary Yragyň 1-nji sentbýarda bir mekdebe uran howa zarbasynyň derňelmegine çagyrdy. Bu mekdepde ýaşaýan ýerinden gaçan maşgalalar bolup, asuda ilatdan 31 adam, şol sanda 24 çaga öldürilipdir.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Hýuman Raýts Wotç guramasy bu çagyryşy 14-nji sentýabrda, Yragyň premýer-ministri, asuda adamlaryň pida bolmagyny azaltmak üçin, jeňçileriň kontrollugyndaky ilatly ýerleri topa tutmazlygy buýrandan soň etdi.

Gürrüňi edilýän howa zarbasy demirgazyk şäher bolan Tikritiň golaýyndaky al-Alam şäherçesine urlupdyr.

Aman galanlar bu mekdepde 70 çemesi adamyň bolandygyny aýdýarlar. Olar bu ýere iýunda, jeňçiler Tikriti eýelände gaçyp gelipdir.

Olar howa zarbasy urlan mahaly mekdebiň golaýynda hiç bir jeňçiniň ýa jeňçi guralynyň bolmandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG