Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Elýetmez “çäreçi” aýlawlar


Halkara atçylyk sport toplumy

Halkara atçylyk sport toplumy

Sentýabr aýynyň 7-ine ýurtda güýzki atçapyşyk möwsümi açyldy. Bu atçapyşyk möwsüminiň açylyş dabaralary, adatdaky ýaly, Aşgabadyň Atçylyk sport komplekisinde geçdi. Şundan çen tutsaň, bu möwsümdäki atçapyşyklaryň-da, hemişekisi ýaly, paýtagtyň demirgazygynda, Bedew massiwindäki aýlawda geçiriljekdigini aýtsa bolar.

Emma, bilşimiz ýaly, paýtagtda ýene-de iki sany aýlaw bar. Olarda ýylyň dowamynda atçapyşygy bilen bagly aňry gitse 3-4 sany çäre geçirilýär. Şol aýlawlaryň biri-de Çülidäki ýa-da häzirki atlandyrylyşy ýaly Gökderedäki Halkara atçylyk sport toplumydyr.

Aýlawyň athanalary

Aýlawyň athanalary

Bu aýlaw ýurt boýunça iň uly aýlawlaryň biri. Iki ýylyň dowamynda gurlan bu aýlaw 2011-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda açyldy. Ýurtda gurlan beýleki aýlawlardan tapawutlylykda 100 million dollara gurlan bu aýlaw halkara statusyny göterip, resmi metbugatda ondaky döredilen şertleriň halkara standartlaryna gabat gelýändigi nygtalýar.

Bu aýlaw diňe bir “halkaralygy” bilen däl, eýse kaşaňlygy bilenem ýurtdaky beýleki aýlawlardan tapawutlanýar. Aýlawyň girelgesinde 20 metrlik bäş sany atyň skulptura monumenti ýerleşdirilipdir. Bu kompleksiň içinde hem alty sany atyň skulpturasy goýlan fontan gurlupdyr.

Aýlawyň tribunalary 7 müň tomaşaça niýetlenen. Aýlawyň binasynda 52 orunlyk myhmanhana, VIP we CIP tribunalary bar. Şeýle-de aýlawyň çäginde at üstündäki oýunlar üçin 500 orunlyk sirkiň hem-de 800 orunlyk at sportunyň konkur ýaly görnüşleri üçin ýörite binalar hem bar. Bu aýlaw Bedew massiwindäki tomaşaçylaryň has köp gatnaýan aýlawyndan has kaşaň we örän amatly gurlan.

Ýaryşlar

Emma bu aýlawda ýylyň dowamynda diňe aprelde, ýagny aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Bedew baýramyna gabatlanyp bir-iki sany atçapyşyk ýa-da atçylyk sportunyň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, bu aýlawda Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagyndaky Bedew baýramy mynasybetli atçapyşyklary hem geçirilýär. Bu aýlawda geçirilýän şol az sanly atçapyşyklara-da öz islegi bilen tomaşa etmäge barýanlaryň goýberilmeýändigi aýdylýar.

“Ilkibaşda, daň bilen baryp, prezident gelmänkä aýlawa girip bolýardy. Ýöne, şonda-da öz islegi bilen gelýänleriň ählisi aýlawa girip bilmeýärdiler. Sebäbi tribunalaryň aglabasy çäreçilerden doldurylýar. Indi bolsa aýlawa diňe çäreçiler goýberilýär” diýip, bu aýlawda işleýän Oraz aýdýar.

Bedew baýramy mynasybetli atçylyk sport çärelerinden başga, bu aýlawa prezidentiň özi gelip birki aýlaw edip gidäýmese, galan wagt aýlawyň boş durýandygyny Oraz gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, bu aýlawda bedew baýramyndan başga ýaryşlar geçirilmeýär.

“Prezident aýlawy”

Paýtagtda ýokarda agzalan il içinde “çäreçi aýlaw” diýlip atlandyrylýan topluma meňzeş ýene-de bir atçylyk sport kompleksi bar. Ilat arasynda “prezident aýlawy” diýlip atlandyrylýan bu aýlawyň resmi ady ”Ahalteke atçylyk kompleksi”. Göçürilen Birinji maý obasynyň ýanynda ýerleşen bu aýlawda prezidentiň atlarynyň saklanýandygy aýdylýar. Galyberse-de, bu aýlawda ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlar üçin hem at üstündäki çykyşlar görkezilýär.

Halkara atçylyk sport kompleksiniň tutýan umumy meýdany 90 gektar, ol 100 million dollara guruldy. Aýlawda 10 sany athana, 20 at üçin karantin bölümi, atçapyşyga atlary taýýarlamak üçin 80 atlyk bölüm, laboratoriýa we beýleki zerur bolan ambarlardyr ussahanalar bar.

Emma paýtagtyň Gökderedäki we öňki Birinji maý obasynyň golaýyndaky gymmatbaha aýlawlaryň ikisiniň gapylary-da ýurduň adaty ilaty üçin ýapyklygyna galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG