Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabat maslahata taýýarlanýar


turkmenistan. woman with brooms are cleaning streets ahead of Elder's Council in Turkmenabat

turkmenistan. woman with brooms are cleaning streets ahead of Elder's Council in Turkmenabat

Türkmenabatda Lebap welaýatynyň bu merkezi şäherinde 20-nji oktýabrda geçiriljek ýaşulular maslahatynyň öň ýanynda gyzgalaňly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şäheriň uly köçeleriniň asfaltlary tazelenip, şol köçeleriň ugrundaky administratiw jaýlar bilen bir hatarda ýaşaýyş jaýlary hem agardylýar, döwlete degişli, şol sanda hususy dükanlaryň köpüsiniň daş ýüzi-de mermere çalymdaş ak kafeller bilen örtülýär. Garaz, şäher agardylýar we arassalanýar.

Bu alnyp barylýan taýýarlyk-bejeriş işleriniň şu ýylyň iýun aýynda başlanyp, Maslahatyň açylyş dabarasyna, ýagny oktýabryň 20-sine çenli dowam etmegine garaşylýar.

Bu taýýarlyk işleriniň çäginde Türkmenabadyň durkunyň gowulyga tarap özgerýändigini aýdýanlar-da, şäheriň adaty durmuşynda dürli kynçlyklaryň döreýändigini belleýänler-de az däl.

Köçeler

Özüni Guwanç diýip tanadan Derýaçy-Dünýäbazar marşruty boýunça gatnaýan awtobus sürüjisi ýollary bejeriş işleriniň tertibinden nägiledigini aýdýar. Onuň sözlerine görä bir wagtda birnäçe gatnawly köçeleriň bejerilmegi şäheriň awtoulag gatnawyna ýaramaz täsir edýär.

“Indi biz üç aýdan bäri esasy Nyýazow, Puşkin, Bitarap Türkmenistan köçeleriň petiklenmeginden kynçylyk çekýäris. Bir gün Dünýä bazarynyň ýoly petiklenýär, hiç bejerilmeýän aralyk ýollardan gatnaýarys, ertirki gün merkezi bazara çykýan Gurbansoltan eje köçesi petiklenýär, ýene-de asla bejrilmeýän aralyk kiçi köçelerden ulag sürmeli bolýar” diýip, Guwanç atly awtobus sürüjisi gürrüň berýär.

Guwanjyň nygtamagyna görä, häzirki oňarylýan köçeleriň ýagdaýy öňdenem gowy hasaplanýar we olar prezidetiň bu şähere her gezekki saparynyň öňüsyrasy abatlanýar.

“Ýene-de şol Bitarap Türkmenistan hem-de Nyýazow köçeleri düýpli bejerilýär, öňden bar bolan abat bordýurlar täzeleri bilen çalşylýar, bejerilmedigine onlarça ýyl bolan, hatda ondan-da köp wagt bejerilmedik Mukym Kerimow, Mary köçeleri öňküligine, ellenmän galýar” diýip, awtobus sürüji Guwanç Azatlyk Radiosyna öz pikirini beýan edýär.

Agardylýan jaýlar

Şol bir wagtda Türkmenabadyň Bahar kiçi etrapçasynyň ýaşaýjysy, 40 ýaşlaryndaky Atajan, alnyp barylýan işleri oňlaýandygyny aýdýar. Atajan: “Köçeler bilen bir hatarda könelişen suw geçiriji turbalaram bejerilýär, käbir ýerleri plastik turbalar bilen çalşylýar. Biziň ýaşaýan jaýymyzyň uly suw turbasy-da çalşyldy, indi suw syzdyranok” diýip, agzalýan taýynlyk işleri barada öz garaýşyny mälim edýär.

Emma şol bir kiçi etrapçanyň başga bir ýaşaýjysy Gülaýym daýza öz kwartirasynyň bir böleginiň Bitarap Türkmenistan köçesine bakýandygyny we şol köçe tarapdaky özüne degişli böleginiň dowamly rejeleýiş işlerinden nägiledigini gürrüň berýär. Gülaýym daýzanyň nägileliginiň sebäbi – bejeriş işleri üçin ýaşaýjylardan alynýan pul.

“Prezidentiň şähere eden saparlarynyň ählisinde öýümiziň köçe tarapy agardylýar. Her saparam jaý üpjünçilik edarasynyň işgärlerine 100 ýa 200 manat bermeli. Bu saparam 200 manat töledim” diýip, Bahar etrapçasynyň ýaşaýjysy Gülaýym daýza Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, soralýan möçberdäki puly berip bilmeýän ýaşaýjylar abatlaýyş işlerinde jaý üpjünçilik edarasynyň işgärlerine gurluşyk materiallaryny daşap, ýa-da agardyş işlerine gatnaşyp, kömekleşmeli bolýarlar.

Ýowarlar

Ýaşulular maslahatynyň Türkmenabatda geçiriljekdigi barada yglan edilenden soň Türkmentelekom, Medeniýet merkezleri ýaly käbir edara-kärhana işgärleriniň her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri günortana çenli ýowara, ýagny edaranyň daş-töweregini arassalamak işlerine çekilýändikleri hem aýdylýar.

Ýaşulular maslahaty ýylda bir gezek we her ýyl bir welaýatda geçirilýär. Ol maslahatyň hiç hili kanunçykaryjylyk statusy ýok. Geçen 2013-nji ýylda ýaşulular maslahaty Daşoguz welaýatynda geçirilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG