Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň prezidenti goldaw soraýar


Yragyň prezidenti Faud Masum “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy “çalt” hem-de tutanýerli howa kampaniýalarynyň amala aşyrylmagyna çagyryş etdi. Masum agzalýan topara garşy gyssagly herekete geçilmese, onuň Yrakda has köp territoriýany ele salyp, uly howp abandyryp biljekdigini belledi.

Masum bu barada dünýäniň 26 ýurdunyň resmileri ekstremist topara garşy koalisiýada nädip bilelikde işleşip biljekdikleri barada maslahat etmek üçin Parižda ýygnanan mahaly nygtap geçdi.

Masum bu duşuşyga gatnaşanlara ýüzlenip, “Yslam döwletiniň” söweşijileri “etniki we dini arassalaýyşa” synanyşyp adamzada garşy jenaýatlary we gyrgynçylygy amala aşyran “galtamanlardyr” diýdi we olara garşy “çalt we düýpli çözgütleriň amala aşyrylmalydygyny” belledi.

Şeýle-de, Masum söweşiji toparyň maliýeleşdirilmegini togtatmak we başga ýurtlardan söweşijileriň işe çekilmeginiň öňüni almaga kömek edip biljek kanunçylygy amala aşyrmak üçin global derejesinde hyzmatdaşlyga çagyryş etdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland (Francois Hollande) “Yslam döwletiniň” söweşijileri global derejede gaýtawul bermegi talap edýän global howpy abandyrýar diýdi.

XS
SM
MD
LG