Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hüjümlerde üç adam öldürildi


Pakistanyň ýolbaşçylary ýurduň Haýber-Puhtunhwa welaýatyndaky söweşijileriň polisiýany nyşana alyp amala aşyran hüjümlerinde üç adamyň öldürilendigini habar berýärler. Bu hüjümler 15-nji sentýabrda bolup geçdi.

Pakistanyň Demirgazyk Waziristan tire-taýpalar regionyndaky Tahl şäherinde alty söweşijiniň polisiýa merkezine hüjüm etmegi netijesinde bir polisiýa ofiseri öldürildi. Bu şäher Pakistanyň Owganystan bilen araçäginde ýerleşýär.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçiniň bombany partlatmagy netijesinde bir polisiýa ofiseri heläk bolupdyr.

Haýber-Puhtunhwa welaýatynyň günortasyndaky Dera Ysmaýyl Han etrabynda hem, söweşijileriň etrap polisiýa merkeziniň başlygynyň öýüne hüjüm etmegi netijesinde polisiýanyň ýolbaşçysynyň iki erkek dogany öldürildi.

XS
SM
MD
LG