Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz aktiwistleri protest geçirdiler


Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Tokmok şäheriniň 100 çemesi ýaşaýjysy täze açyljak nebiti gaýtadan işleýän zawoda garşy protest geçirdiler. Olar öňümizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda işläp başlajak nebiti gaýtadan işleýän zawoduň daşky-gurşawy zaýalajakdygyny aýdýarlar.

“Gyrgyz çäreleri” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň başlygy we protestçi Zamir Koçorbaýew 15-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda zawoduň gurluşygy togtadylmasa, protestçileriň uly garaýoly böwetlejekdigini we ýolda çadyrlary gurnajakdygyny aýtdy.

Gürrüňi gidýän nebiti gaýtadan işleýän zawoda garşy ilkinji protestler 28-nji awgustda geçirilipdi.

Soňky ýyllarda Gyrgyzystanda protestçiler gazuw işleriniň togtadylmagyny talap edip, birnäçe gezek uly ýollary böwetläpdiler. Olar şol protestlerde gazuw işleriniň daşky-gurşawy zaýalaýandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG