Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Yslamçy toparyň agzasy ýenjildi diýilýär


Gyrgyzystanda gadagan edilen Yslamçy toparyň tussag edilen agzasynyň ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýiti urlup-ýenjilendigini tussagyň dogan-garyndaşlary habar berýärler.

Dilýar Jumabaýewiň maşgala agzalarynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, “Hizb ut-Tahrir” toparynyň agzasy öýünde gözleg işleriniň geçirilmegine rugsat berýän resminamany görkezmegi talap edip, howpsuzlyk güýçleriniň öýüne girmegini ret edensoň, oňa hüjüm edilipdir.

Olar Jumabaýewiň birnäçe dişiniň döwülendigini we kellesiniň birnäçe ýerine şikes ýetendigini belleýärler.

Gyrgyz polisiýasy bu waka barada maglumat bermegi ret etdi.

Jumabaýew häzirki wagt Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäheriniň tussaghanasynda saklanylýar. Ol düýbi Londanda ýerleşýän syýasy gurama – Hizb ut-Tahrir toparyna agzalygyny gizlemeýär. Bu gurama ähli musulman ýurtlarynyň bir Yslam halyfatyna birleşmegini isleýär.

Gyrgyz hökümeti bu toparyň agzalaryny we tarapdarlaryny “ekstremistler” diýip atlandyryp, ony gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG