Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rublyň hümmeti iň pes derejesine düşdi


Günbatar Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly Russiýa garşy täze sanksiýalary güýje girizenden soň, rus rublynyň hümmeti amerikan dollaryna görä iň pes derejesinde hasaba alyndy.

15-nji sentýabrda Moskwada bazarlar açylandan gysga wagt soň, 1 amerikan dollary 38,04 rubl derejesinde boldy. Bu 1 amerikan dollarynyň 38 rublden hem geçen ilkinji pursatydyr.

Rus pul birligine garşy ýewronuň hümmeti hem ýokarlanyp, 15-nji sentýabrda 1 ýewro 49,25 rubl derejesinde boldy.

12-nji sentýabrda Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy täze sanksiýalaryny güýje girizdi. Şol sanksiýalarda Russiýanyň käbir banklary hem-de uly energetika we goranyş firmalary nyşana alynýar.

XS
SM
MD
LG