Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Türkmen ilçihanasy açylar


Ýakynda Türkmenistan Gyrgyzystanda öz ilçihanasyny açmagy planlaşdyrýar. Bu çärä türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň izolýasiýasyny azaltmak tagallasynyň bir bölegi hökmünde garalýar.

Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Erlan Abdyldaýew 15-nji sentýabrda gyrgyz kanunçykaryjylaryna beren maglumatynda diplomat Batyr Nyýazlyýewiň Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky birinji ilçisi boljakdygyny mälim etdi.

Abdyldaýew öz maglumatynda Bişkekdäki türkmen ilçihanasynyň “öňümizdäki günlerde” açyljakdygyny, ýöne onuň takyk haýsy gün açyljakdygy barada maglumat bermedi.

Türkmenistan Gyrgyzystanda öz ilçihanasyny açmak niýeti barada iýul aýynda yglan edipdi.

Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 1994-nji ýyldan bäri işleýär.

XS
SM
MD
LG