Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlarynyň okaýan ýurtlarynyň sany artdy


Türkmenistanly ýaşlar döwlet ylalaşyklarynyň esasynda şu ýyl Horwatiýanyň we Azerbaýjanyň ýokary okuw jaýlarynda hem bilim alarlar. Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Azerbaýjanyň ýokary okuw jaýlaryna iberilen türkmen studentleri nebit-gaz ugrundan bilim alarlar.

Resmi maglumatlarda Rumyniýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda döwletara ylalaşyklarynyň çäginde eýýäm ýüzlerçe türkmen raýatynyň bilim alýandygy bellenýär.

Türkmenistanyň müňlerçe raýaty daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda öz hasabyna hem bilim alýar. 2013-2014 okuw ýylynda Belarusda 8 müňden gowrak türkmenistanly, Türkiýede 6 900 çemesi türkmenistanly, Ukrainada 14 müň türkmenistanly student bilim aldy.

XS
SM
MD
LG