Sepleriň elýeterliligi

Bagdad: ABŞ "Yslam döwletine" zarba urdy


ABŞ-nyň harbylary “Yslam döwletiniň” Bagdadyň golaýyndaky nyşanlaryny oka tutandygyny habar berdiler. ABŞ-nyň harbylary söweşijilere ilkinji gezek Yragyň paýtagtyna golaý ýerde hüjüm edýärler. ABŞ-nyň merkezi harby ýolbaşçylygy Yragyň hökümet güýçlerine goldaw bermek üçin 14-nji we 15-nji sentýabrda howadan iki zarba urandygyny habar berdi.

Bu zarbalar prezident Barak Obamanyň “Yslam döwletine” garşy hüjümleri güýçlendirmäge beren ygtyýarynyň çäginde amala aşyrylýar. Munuň öňüsyrasynda 30 golaý ýurduň resmileri Parižde duşuşyp, “Yslam döwletine” garşy söweşmek üçin Bagdada “zerur harby kömegi” bermek barada ylalaşdylar.

Yragyň we Siriýanyň uly giňişliklerini basyp alan “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň düzüminde, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw agentliginiň (CIA) maglumatyna görä, 31500 söweşijiniň bolmagy çak edilýär.

XS
SM
MD
LG