Sepleriň elýeterliligi

Ukrain parlamenti gündogar regionlara “ýörite status" berdi


Ukrainanyň parlamenti ýurduň gündogaryndaky Donetsk we Luhansk regionlara “ýörite statusy” bermek boýunça kanuny kabul edip, regionlara öz-özüni dolandyrmak boýunça 3 ýyl möhletli çäkli ygtyýar berdi. Parlamentiň kabul eden ýene bir kanunynda orsýetçi separatistleriň we hökümet güýçleriniň arasyndaky konflikte gatnaşanlara amnistiýa kepil geçilýär.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko gündogar regionlara “ýörite statusyny” bermek baradaky kanuny konflikti bes etmek boýunça tagallalaryň çäginde teklip etdi.

Ukrainanyň parlamentiniň kabul eden kanunlary konflikti bes etmek boýunça 5-nji sentýabrda gelnen ylalaşyklar bilen bagly. Ukrainanyň gündogarynda aprel aýyndan bäri dowam eden konflikt zerarly 3 000 gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG