Sepleriň elýeterliligi

Krym tatarlarynyň Mejlisine reýd geçirildi


16-njy sentýabrda Simferopolda Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri Krym tatarlarynyň milli geňeşi Mejlise reýd geçirdiler. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10 polisiýa wekiliniň we ýüzi nikaply harby geýimli alty ýaragly adamyň Mejlisiň daşyny gabap, hiç kimiň binadan çykmagyna rugsat bermändigini habar berdi.

Binanyň içinde barlag geçiren polisiýa işgäri Krym tatarlarynyň “Awdet” atly gazetini gözleýändigini mälim etdi. Şeýle-de polisiýa Mejlisiň agzasy Eskender Bariýewiň öýüni döküp, onuň kompýuterlerini elinden aldy. 15-nji sentýabrda üç sany ýüzi nikaply ýaragly adam Mejlisiň binasynyň üstünden ukrain baýdagyny aýyrdy.

Krym tatarlarynyň aglaba bölegi Orsýetiň Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagyna garşy çykdy we 14-nji sentýabrda geçirilen ýerli saýlawlary boýkot etdi.

XS
SM
MD
LG