Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň güýçlerine hüjüm edildi


“Talybanyň” janynda geçen hüjümçisiniň awtoulagly daşary ýurtly harbylaryň kerwenine eden hüjümi zerarly NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň azyndan üç esgeri wepat boldy we 13 sany parahat ýaşaýjy ýaralandy.

Hüjümiň yzýany Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy bilen söhbetdeş bolan Kabulyň howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysynyň metbugat-wekili Haşmatullah Stanakzai ilkinji netijelere görä, hüjümde 13 raýatyň ýaralanandygyny, şeýle-de 17 sany harby bolmadyk ulagyň hem halkara güýçlerine degişli iki ulagyň ýumrulandygyny aýtdy.

Ýurduň prezidentlik saýlawlarynyň dawaly netijeleriniň üstündäki gapma-garşylyklar halkara güýçleriniň ýylyň aýagynda Owganystandan çekilmek prosesiniň öňünde ýagdaýy has dartgynlaşdyrdy.

XS
SM
MD
LG