Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Kabaýewa media baştutan bolar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gatnaşygyny ret edýän çeper gimnastika boýunça olimpiýa çempiony Kremle tarapdar media toparynyň ýolbaşçylar geňeşine baştutanlyk eder.

Orsýetiň Milli media topary Alina Kabaýewa ýolbaşçylar geňeşiniň başlygy wezipesiniň teklip edilendigini 15-nji sentýabrda mälim etdi.

Media toparyna döwlet tarapyndan dolandyrylýan we Günbatary tankyt etmek üçin gural hökmünde ulanylýan Orsýetiň 1-nji telekanaly we “Izwestiýa” gazeti ýaly habar beriş serişdeleri girýär.

31 ýaşly Kabaýewa 2004-nji ýylda olimpiýa oýünlarynda çeper gimnastika boýunça altyn medal gazanypdy.

15-nji sentýabrda Döwlet Dumasy Kabaýewanyň “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň agzasy hökmünde parlamentiň düzüminden çykandygyny yglan etdi.

Kremliň resmileriniň we Kabaýewanyň ret etmegine garamazdan, Putiniň we Kabaýewanyň arasyndaky romandik gatnaşyklar barada maglumatlar ençeme ýyl bäri yzygiderli peýda bolýar.

XS
SM
MD
LG