Sepleriň elýeterliligi

Yslamda kelle kesmeklik we ýesirler


Ýüzi maskaly söweşijiniň britan raýatyny öldürmek bilen haýbat atýana meňzeýän pursatlaryny görkezýän "YD" söweşijileri tarapyndan ýaýradylan wideodan bir bölek.

Ýüzi maskaly söweşijiniň britan raýatyny öldürmek bilen haýbat atýana meňzeýän pursatlaryny görkezýän "YD" söweşijileri tarapyndan ýaýradylan wideodan bir bölek.

"Yslam döwleti Yrak we Lewant" (YDYL) toparynyň owal Jeýms Foleýiň we Stewen Sotlof atly amerikan žurnalistiniň, geçen hepdäniň ahyrynda-da britan kömek işgäri Deýwid Heýnsiň kellesini kesip öldürişi baradaky materiallary ýaýratmagy dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan musulmanlary ynjalyksyzlandyrdy.

ABŞ-nyň, Angliýanyň we Ýewropanyň dürli ýerlerindäki musulman jemgyýetler metbugat ýygnaklaryny gurnap, ”Yslam döwleti Yrak we Lewant” toparynyň adam öldürişiniň yslama dahylynyň ýokdugyny, olaryň diňe ganhorlar we jenaýatkärler hökmünde hereket edip, yslamyň adyny garalaýandyklaryny beýan etdiler.

Meselem, Amerikanyň Yslamy gatnaşyklar geňeşi öz ýaýradan beýannamasynda YDYL terrorçylarynyň musulman däldigini, tersine, yslamyň özüne hem garşy çykýan jenaýatkärlerdigini bildirdi. Angliýadaky we beýleki ýerlerdäki musulman jemgyýetlerdir-guramalar hem geçen aýdan bäri şuňa meňzeş beýannamalar bilen çykyş edip gelýärler.

YDYL we şonuň ýaly çakdanaşa terrorçy toparlar bolsa olary din ýoluny üýtgedenler diýip yglan edip, şeýle jemgyýetlerdir-guramalary özüni Günbatara satmakda aýyplaýar we hatda olary musulman hasaplaman, gaýta öz adam öldürişlerini yslamyň kadalary bilen esaslandyrmaga çalyşýarlar.

Onda Yslam dini bu babatda näme diýýärkä?

Ýesirlere nähili çemeleşilmegi we zamunlaryň kellesiniň kesilmegi meseleleri yslama görä nähili kadalaşdyrylýarka? Meselem, haýsydyr bir internet ulanyjysynyň biri bu temada maglumat ýygnamak islese, galyberse-de bütin musulmanlar hakynda şek-şübhe etmeýän dini buýsançlary - Gurhany we Muhammet pygamberiň durmuşyny öwrenmek islese näme öwrenerkä?

Bedr söweşi – ilkinji ýesirler

Umuman aýdylanda, musulmanlaryň ýesirler baradaky hereketleri 624-nji ýylda bolan Bedr söweşinden soň kadalaşypdyr. Muhammet pygamber yslamy ýaýratmaga başlan mahaly ymmatynyň ýesirlere has eserdeň çemeleşilmegini we olara hoşmeýilli garalmagyny isläpdir. Bedr söweşinden soň pygamberiň ýesirlere çemeleşişi bilen baglanyşykly birnäçe rowaýatlar bar.

Ýesirleriň pul tölenmegi esasynda ganynyň geçilmegi we azat edilmegi

Söweşiň yz ýanyndan Muhammet pygamber ýesirler babatda iki ýoldan birini saýlap almaly bolupdyr. Ýesirleriň tölenjek pul esasynda ganynyň geçilmegi we olaryň azat edilmegi (hezreti Ebabekiriň teklibi); ýa-da ýesirleri öldürmeklik (hezreti Omaryň teklibi) teklip edilipdir.

Maslahatdan soň pygamber pul tölenmegi esasynda ýesirleriň ganynyň geçilmegi we azat edilmegi babatda öz kararyny aýan edipdir. Pul töläp bilmeýänleriň on sany musulmana okap-ýazmany öwredip, sowatly edenden soň azat edilmegi, puly we sowady bolmadyk ýesirleriň bolsa ondan beýläk musulmanlara garşy hiç hili hereket etmezlik we yslama garşy bolanlara-da kömek bermezlik şerti bilen azat edilmegi göz öňünde tutulypdyr. Pygamber ýesirleri Medinä äkitmekligi we ýolda olara hoşniýetli çemeleşilmegini tabşyrypdyr.

Iýmitiň gowusyny ýesirlere ber

Söweşde ýesir düşensoň musulman bolan Abu Zeýd öz ýatlamasynda şeýle diýipdir: "Şol gün men hem Medinä getirilen ýesirleriň arasyndadym. Nahar wagty bolanda sahabalar Resulyllanyň nesihadyna eýerip, ilki bilen elindäki çöregi maňa berdiler, özleri bolsa hurma iýip açlygyny diňdirmäge çalyşdylar. Hatda olaryň biri, elindäki çöregi maňa beren mahaly ony iýmäge utanyp, meniň çöregi ýanymdaky başga ýesire berýän wagtym bolýardy we kän wagt geçmänkä şol çörek ýene maňa gaýdyp gelýärdi."

Ýesirleri gynamaly däl

Başga bir gürrüňe görä, ýesirleriň Mekgeden Medinä getirilen ilkinji gijesi Muhammet pygamber daň atýança uklap bilmändir. Muny duýan käbir sahabalar ondan näme üçin uklamaýandygyny soranlarynda pygamber olara şeýle jogap beripdir "Abbasyň (Bedr söweşinde ýesir düşen Muhammet pygamberiň kakasynyň dogany) ynjyly, awuly sesi meni uklatmady!" Ony eşiden bir sahaba derrew ýerinden turup, Abbasyň ýanyna baryp, onuň ellerini çözüpdir. Aradan bir salym geçenden soň pygamber "Abbasyň yzaly sesini eşidemok-la?" diýip sorapdyr. Abbasyň elini çözen sahaba "Men onuň elini çözdüm ýa Resullylla" diýip jogap beripdir. Ony eşiden pygamberiň ýüzi açylyp gidipdir we şol bir wagtyň özünde Abbasyň elini çözen sahaba hemme ýesirleriň elleriniň çözülmegini tabşyrypdyr.

Ýesirleriň öldürilmegi - Enfal suresi

Soň halypa bolan Omar ýesirleriň öldürilmeginiň tarapdary bolsa-da, Muhammet pygamberiň ýesirleriň töleg esasynda ganynyň geçilmegi baradaky kararyna eýeripdir. Karardan bir gün soň Omar pygamberiň ýanyna gelipdir we Muhammet pygamberiň Ebabekir bilen edýän maslahadynyň sebäbini sorapdyr. Muhammet pygamber oňa ýesirler barada täze wahyý gelendigini aýdyp, duşman esgerleriniň uruş gutarýança töleg esasynda ganynyň geçilip, azat edilmegi kararynyň wagtlaýynça togtadylandygyny bildiripdir.

Enfal suresi:

67-nji aýat: Hiç bir pygamber ýer ýüzünde (bidüzgünçiligiň doly öňüni alýança elinden geldiginden has köp kapyr) öldürmese, ýesirleri ulanyp (olary öldürmän töleg esasynda azat etmeklik), peýda getirmez. (Eý, müminler!) Siz töleg bilen ganyny geçmek arkaly puç dünýäň malyny isleýärsiňiz. Alla bolsa (siziň) ahyrýeti gazanmagyňyzy isleýär. Alla ýeňilmeýän güýjüň we çäksiz peýdaň eýesidir!

70-nji aýat: Ýa, pygamber! Eliňizdäki ýesirlere şeýle diýiň: "Eger Alla (öz çäksiz ylmy bilen) ýürekleriňizde bir ýagşylygyň bardygyny bilse, size sizden alnandan (zamun töleginden) has peýdalysyny berer we sizi bagyşlar. Alla bagyşlaýandyr, rehimdardyr!

71-nji aýat: Eger ýesirler size hyýanat etmek islese, (bilip goýsunlar) mundan (Bedr söweşinden) owal olar Alla hyýanat edipdiler. Alla (size Bedrde bolanlardan ar almaga) mümkinçilik berdi. Alla (hemme zady) bilýändir, çäksiz hikmete eýedir!

73-nji aýat: Kapyrlar hem biri-biriniň dostlarydyr (kömekçileridir). Eger siz olary (ýokarda size buýrulanlary) etmeseňiz, ýer ýüzünde aýylganç pitne-bidüzgünçilik bolar (yslam gowşar, bidereklik bolsa has köpelip, güýçlener).

Jyhatçylaryň düşünişi

Özüni jyhatçy diýip yglan eden çakdanaşa dinçiler Enfal suresine esaslanyp, zamun alnan ýesirleriň öldürilmegini mamla görkezýänem bolsalar, yslam alymlary bu suräniň diňe "duşman esgerlerini ýa söweş meýdanynda öldüriň, ýesir düşenleri bolsa uruş gutarýança azat etmäň!" diýen manyny berýändigini ýazýarlar.

Kelle kesmek - söweş meýdany ýa-da ýesirleriň öldürilmegi?

Gurhanyň başga bir suresi, ýagny Muhammet suresiniň 4-nji aýadynda ýazylanlarda ýesirleriň derrew öldürilmegi baradaky pikirlere garşy çykylýar. Ol surede-de kelle kesip öldürmeklik emri diňe söweş meýdanyny öz içine alýandyr. Galyberse-de, ýesirleriň uruş gutarýança saklanylmalydygy aýdylypdyr.

Muhammet suresi:

4-nji aýat: Eý, müminler! Kapyrlara (söweş meýdanynda) duş gelen mahalyňyz kellelerini kesiň. Haçan-da olary ýeňip, (ýer bilen ýegsan) eden wagtyňyz (gaçmaz ýaly el-aýaklaryny) kendir bilen mäkäm daňyň. Soňam uruş gutaran mahaly olary ýa (gaýtalamajagyna kasam etdirip) pulsuz ýa-da töleg esasynda ganyny geçip, azat ediň! (Isleseňiz, ýesirleriň günäsini bagyşlap, pulsuz-teňňesiz azat ediň ýa-da olary ylalaşykly ýesir çalşygyna beriň ýa-da deregine kesgitlenen mukdarda pul, haryt-zat alyp, goýberiň). (Buýruk) şeýledir! Eger Alla islän bolsady, olardan (başga görnüşde söweşsiz hem) ar alyp bilerdi. Ýöne Ol sizi biri-biriňiz bilen synap görmeklik üçin (söweşmegiňizi buýruk berdi). Alla öz ýolunda öldürilenleriň hyzmatyny asla puja çykarmaz.

Ýesirleriň azat edilmegi

Gurhanda yslam taryhynyň soňky döwürlerinde durmuşa geçirilen Hubeýbiýýa parahatçylyk şertnamasynyň baglanyşylmagynda Muhammet pygamberiň ýesirlere merhemetli çemeleşendigi barada hem gürrüň edilýär. Fath suresinde Hudeýbiýýa söweşinde Muhammet pygamberiň ýesirleri azat etmegi we şeýle merhemeti sebäpli parahatçylyk şertnamasynyň baglanşylmagynda hut Allanyň erki bolandygy bildirilýär.

Fath suresiniň 24-nji aýaty: Sizi olary (muşrikleri) ýeňdirenimizden soň Mekge jülgesinde (Hudeýbiýýada) olaryň elini sizden, siziňkini-de olardan çeken (olary siziň bilen, sizem olar bilen uruşdyrmaýan) Oldur! Alla siziň näme edýäniňizi görýändir!

Zamun alnan dahylsyzlar söweş ýesirimi?

Gyzyklanan ýönekeý bir adam hökmünde okalan mahaly şeýle hakykata göz ýetirmek bolýar, ýagny Gurhanyň hiç bir aýaty YDYL, ”Talyban” we Al-Kaýda ýaly terrorçy guramalaryň wagtal-wagtal žurnalistleri, ynsanperwer ýardam guramalarynyň işgärlerini, günbatar ýurtlaryndan gelen diplomatlary ýa-da ýönekeý halky zamun alyp, soň olary "ýesir kapyr" höküminde öldürmegini mamla, hakly görkezmeýär.

Amerikanyň musulmanlarynyň geňeşinden we Angliýanyň musulmanlarynyň geňeşinden başga Eýran, Yrak, Müsür we beýleki ýurtlardaky selefi we jafary mezhepleriniň hem din öňbaşçylaryny birleşdirýän nokatlaryň biri hem özüni jyhatçy diýip yglan eden toparlaryň söweşde olara garşy urşanlara goşulyşmaýan bitarap adamlary "uruş ýesiri ýaly görkezip, olary gynamagynyň ýa-da öldürmeginiň" yslama düýbünden ters gelýänligidir.

Sen nähili pikir edýärsiň?


Yslamyň ýesirlere garaýşy we zamunlaryň kellesiniň kesilmegi hakda sen näme bilýärsiň? YDYL we başga terrorçy toparlaryň edýäni yslama gabat gelýärmi?


Seniň bilşiňe görä, yslam ýesirleri saklamaklygy ýa-da öldürmekligi buýruk berýärmi?


Uruş gidýän sebitlerde zamun alnan urşa dahylsyz adamlar söweş ýesiri ýaly öldürilip bilnermi?

XS
SM
MD
LG