Sepleriň elýeterliligi

Eklenç aýraçylygynyň çaga hasraty


Lebap, Migrasiýa gullugynyň binasynyň öňündäki adamlar. 2012.

Lebap, Migrasiýa gullugynyň binasynyň öňündäki adamlar. 2012.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, Türkmenistandan dürli sebäplerden daşary ýurtlara müňlerçe adam gidýär. Olaryň bellemegine görä, Türkmenistan raýatlarynyň esasy köpçüligi işsizlik hem güzeran kynçylygy sebäpli, daşary ýurtlara işlemegä gidýär.

Daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanly zähmet migrantlary diýlende, ilki bilen ýada düşýän ýurtlaryň biri hem Türkiýe bolup durýar. Şonuň üçinem Türkiýäniň metbugatynda häli-şindi türkmenistanly zähmet migrantlary hakynda habarlar çykyp dur diýilýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda ençe ýyllap daşary ýurtlarda işläp, Türkmenistandaky çagalaryndan aýraçylykda galan türkmen maşgalalarynyň ykbal pursatlaryny ele alýar.

Azatlyk Radiosy eklenç aýraçylygy sebäpli daşary ýurtlarda ençe ýyldan bäri çagalaryny görüp bilmän ýören türkmenistanly ene-atalaryň başdan geçirýän ýagdaýlary hakda hemmeleri şu forumda pikir alyşmaga, öz teklipdir bellikleri bilen bilýän maglumatlaryny paýlaşmaga çagyrýar.

Gepleşige gatnaşmak isleýänler hem hat@azatradio.org elektronik hat salgysyndan biziň bilen aragatnaşyga geçip biler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG