Sepleriň elýeterliligi

Amerikan raýaty D.Koreýa geçjek boldy


Günorta Koreýanyň serhetçileriniň ýurduň Demirgazyk Koreýa bilen serhedinden ýüzüp geçmäge synanyşandygy aýdylýan amerikan raýatyny tussag edendigi barada habar berilýär.

Günorta Koreýanyň harby metbugat-wekiliniň Frans Press agentligine (AFP) aýtmagyna görä agzalan adam 16-njy sentýabrda Koreýanyň ýaragsyz zonasynyň golaýynda derýanyň kenarynda tussag edilipdir.

“Yonhap” habar agentliginiň maglumatyna görä, amerikaly özüniň Demirgazyk Koreýa baryp, lider Kim Ýong Un bilen duşuşmak isländigini derňewçilere aýdypdyr.

“Yonhap” agentligi bu adamyň Han derýasynyň günorta kenarynda ýadap ýatandygyny habar berdi. Harby taýdan güýçli gözegçilik astyndaky serhedi kesip geçmäge synanyşyklar örän seýrek bolýan we howply ýagdaý.

XS
SM
MD
LG