Sepleriň elýeterliligi

Türkmen dindaryna garşy hüjüm protest döretdi


Owganystanyň Demirgazygynda Jowzjan welaýatynda etnik türkmenler protest geçirýärler.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysynyň sözlerine görä, 16-njy sentýabrda Akja etrabynda we 17-nji sentýabrda Şybyrgan şäherinde geçirilýän protestleriň gatnaşyjylary owgan türkmenleriniň görnükli dindarlarynyň biri Seýithan ahuna sişenbe güni hüjüm eden ýaragly adamlaryň tussag edilmegini we jezalandyrylmagyny talap edýärler. Habar berilişine görä, ahunyň medresesine näbelli ýaragly topar tarapyndan 16-njy sentýabrda edilen hüjümde dinçi urulyp-ýenjilipdir we ony ogurlamaga synanyşyk edilipdir.

Habar berilişine görä, Jowüzjan welaýatynyň resmileriniň hüjümçileri jogapkärçilige çekmek barada wada bermegine garamazdan, protestçiler hüjümçiler tussag edilýänçä protest aksiýasyny dowam etdirjegini duýdurypdyr.

Owganystanyň demirgazygynda ýaşaýan etnik türkmenleriň obalary soňky aýlarda “Talyban” hereketiniň hüjümlerine yzygiderli duçar bolýar.

XS
SM
MD
LG