Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi


Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň Eýranyň Goranmak ministri bilen duşuşygy boldy. Eýran resmi derejede bitarap statusyna eýe bolan Türkmenistanyň günorta goňşusydyr.

Prezident Berdimuhamedowyň Türkmenistana sapar edýän general Hossein Dehgan bilen gepleşiklerinde goranmak we beýleki meseleler barada maslahat edendigi barada habar berildi, emma gepleşikleriň jikme-jikleri takyklaşdyrylmady.

Iki ýurduň habar beriş serişdelerine görä, sişenbe günki gepleşiklerde taraplar geçen hepdede Täjigistanda geçirilen Şanhaý Hyzmkatdaşlyk Gurmasynyň çäginde Türkmenistanyň we Eýranyň liderleriniň arasynda bolan gepleşikleriň ähmiýetini nygtapdyr. Gurama agza bolmadyk ýurduň prezidenti şonda ýurduň üzňeligini gowşatmak ugrunda ädim ädipdi. Eýran bu gurama synçy statusynda gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG