Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko ABŞ, Kanada sapar eder


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 17-nji sentýabrda Demirgazyk Amerika sapar edýär. Onuň sapar etjek birinji ýurdy Kanada bolar. Poroşenko Ottawada premýer-ministr Stefen Harper we ýurduň beýleki baş ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirer.

Poroşenkonyň bu saparynyň öňüsyrasynda Kanada Orsýete garşy täze sanksiýalary yglan etdi we Moskwanyň Ukrainanyň gündogarynda “agressiýasyny” dowam etdirýändigini aýtdy. Kanadanyň sanksiýalary Orsýetiň dört harby ýolbaşçysyny, bir bankyny we ýarag öndüriji bäş kärhanasyny nyşana alýar.

18-nji sentýabrda Poroşenko Waşingtona sapar eder we 19-njy sentýabrda Kongressde bilelikdäki çykyşyň öňüsyrasynda Ak Tamda prezident Barak Obama bilen duşuşar.

Poroşenkonyň bu sapary Ukraianyň kanun çykaryjylarynyň Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyklar barada ylalaşygy tassyklamagynyň yzýany geçirilýär. Şeýle-de Ukrainanyň parlamenti gozgalaňçylara, orsýetçi regionlara öz-özüni dolandyrmak boýunça wagtlaýyn statusyny we söweşlere gatnaşanlara amnistiýany kepil geçýän kanuny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG