Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň tomaşaçysyz (türkmen) teatrlary


Aşgabatdaky "Mollanapes" teatrynyň ýüzündäki bir heýkel.

Aşgabatdaky "Mollanapes" teatrynyň ýüzündäki bir heýkel.

Türkmenistanda täze teatr möwsümi açyldy. Tomusky arakesmeden soň paýtagtyň teatrlarynda oýunlar görkezilip başlandy. Käbir teatrlarda täze möwsüm täze oýunlar bilen açylýan bolsa, käbirlerinde tomaşaçylara öňki möwsümiň oýunlary hödürlenilýär.

Mysal üçin, ýurduň Baş drama teatry täze möwsümi täze “Dessemil” oýny bilen açdy. Puşkin adyndaky rus drama teatry bolsa geçen möwsümiň şowly oýny “Arşin Mal Alan” sazly komediýasy bilen täze möwsümi garşy aldy.

Garaz, paýtagtdaky teatrlaryň ählisi tomusky arakesmeden soň tomaşaçylara öz gapylaryny giňden açdy. Bu teatrlaryň ençemesi soňky birnäçe ýylyň dowamynda gurlan teatrlar. Olaryň ählisi diýen ýaly mermer bilen örtülen binalarda ýerleşýär. Türkmenistanyň paýtagtyndaky hersiniň ymaratynyň bahasy 10 million dollardan geçýän Baş drama teatrynda, Gurjak teatrynda, Alp Arslan, Magtymguly adyndaky teatrlarlarda tomaşaçylar üçin teatr sungatyndan lezzet almaga oňaýly şertler döredilipdir.

Gowy akustika bilen üpjün edilen bu teatrlarda tomaşaçylar amatly kürsülerde oturyp, oýunlara tomaşa edip bilýärler. Antrakt wagtynda bu teatrlardaky kafelerde garbanyp bolýar.

Rus teatrlary

Aşgabatdaky Puşkin adyndaky rus teatry

Aşgabatdaky Puşkin adyndaky rus teatry

Emma Aşgabatdaky teatrlaryň ikisi, has takygy türkmençe bolmadyk teatrlar, beýlekilerden tapawutlylykda ýönekeý binalarda galýarlar. Bu teatrlaryň ikisi-de paýtagtyň gyrak-çetinde diýen ýaly ýerleşýär. Olaryň biri, Puşkin adyndaky rus drama teatry, Aşagabadyň ýüpek egriji fabriginiň öňki medeniýet köşgünde ýerleşse, Artlist hususy teatr studiýasy, halk arasynda at berlişi ýaly, "Hitrowka" raýonyndaky öňki "Zarýa" kinotetarynyň jaýynda galýar. Ýeri gelende aýtsak, bu teatr ýurtda ilkinji hususy teatrdyr.

Emma bu iki teatryň ýerleşýän binalaryna garamazdan, bu rus dilli teatrlaryň biriniň, ýagny Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň tomaşaçylary köp bolýar. Bu teatrda goýulýan oýunlara käte hatda bilet tapmak-da kyn bolýar. Mysal üçin, mundan öňki teatr möwsüminde bu teatryň goýan “Arşin Mal Alan” spektakly tomaşaçylaryň anşlagynda, ýagny hemişe zaly dolduryp oturan ýagdaýtnda geçdi.

Artlist hususy teatr studiýasy

Artlist hususy teatr studiýasy

Mundan tapawutlylykda paýtagtdaky daşy mermer bilen örtülip gurlan gymmatbahaly beýleki teatrlaryň tomaşaçylarynyň azdygyny şol teatrlaryň käbirleriniň işgärleri aýdýarlar. Mysal üçin, geçen möwsümde Baş drama teatryň zalynyň ýarpysyndan hem köp böleginiň yzygiderli boş durandygyny bu teatryň işgäri Berdi gürrüň berýär.

Munuň şeýledigini teatrlara girmek üçin biletleriň satuwy hem subut edýär. Baş drama teatrynyň işgäri Berdiniň sözlerine görä, Puşkin adyndaky drama teatrynda görkezilýän speltakllara bileti birnäçe gün öňünden satyn almaly bolsa, beýleki teatrlaryň biletleri köplenç doly satylman galýar.

Dogrudanam, Berdiniň aýdyşy ýaly, teatrlaryň köpüsiniň gapylarynda üýşüp duran tomaşaçylara duş gelmek kyn. Adatça gowy teatrlaryň öňünde bolşy ýaly, spektakl başlanmazyndan öň bu ýerde ”kimde artykmaç bilet bar?” diýip, sorap ýörenem ýok. Teatrlara giriş biletleriniň bahalarynyň o diýen gymmat däldigine garamazdan, bu teatrlaryň kassalarynda uly nobatlar bolmaýar. Ýogsa, biletler 3-4 manada durýar.

Mejbury tomaşaçylyk

Şol bir wagtda-da, adatça tomaşaçysyz teatrlaryň oýunlarynda, kähalatda zalda anşlag bolýan mahaly hem bar. Bu ýagdaý sowet döwründen bäri gelýän edara-kärhanalarda we okuw jaýlarynda bilet paýlamak praktikasy bilen bagly. Ýagny, edaralara hem-de okuw jaýlaryna bilet paýlanyp, işgärlere, okuwçylara we talyplara biletler mejbury satyn aldyrylýar. Netijede bu teatrlarlaryň oýunlaryna adamlar zoraýakdan tomaşa etmeli bolýarlar.

Şu ýyl teatrlardan gelip, paýtagtyň 55-nji orta mekdebinde dürli spektakllara birki gezek bilet paýlanypdyr.

55-nji orta mekdebiň mugallymy Dursun bu barada şeýle gürrüň berýär: “Alp-Arslan we gurjak teatrlaryndan gelip, bilet paýladylar. Şeýle-de sirkiň biletleri hem berildi. Bu biletleri biz okuwçylara paýlap, satyn aldyrmaly. Ýogsa-da, öz jübiňden [biletleriň] puluny çykarmaly”.

Ýurtdaky teatrlara geçen we şu ýyl baran tomaşaçylaryň sany baradaky statistik maglumatlar elýeter däl. Emma Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistanyň ýyllyk statistiki neşirinde” 2012-nji ýylda 470 müňden gowrak tomaşaçynyň teatrlara barandygy barada maglumat berilýär.

Türkmenistanda 11 sany teatr bolup, olaryň 6-sy Aşgabatda ýerleşýär. Ýurduň Ahal welaýatyndan başga her bir welaýat merkezinde hem täze teatrlar guruldy. Ýurtdaky teatrlaryň dokuz sanysy drama we sazly teatrlar bolup, galan ikisi-de Çagalar we Ýaş tomaşaçylar teatrlarydyr.

XS
SM
MD
LG