Sepleriň elýeterliligi

Rus tütjary öý tussaglygyna salyndy


Wladimir Ýewtuşenkow

Wladimir Ýewtuşenkow

Orsýetiň iň baý adamlarynyň biri öý tussaglygyna salyndy. Bu waka on ýyl gowrak ozal Ýukos nebit kompaniýasynyň dargadylmagyna deňelýär.

Wladimir Ýewtuşenkow, AFK Sistema kompaniýasy Orsýetiň Başgyrdystan respublikasynda ýerleşýän Başneft kompaniýasynyň aksiýalaryny satyn alanda, pul ýuwmakda güman edilýär.

AFK Sistemanyň bu barada ýaýradan beýanatynda Orsýetiň Derňew komitetiniň aýyplamalarynyň «düýpden esassyzdygy» aýdylýar we olara garşy göreşmek wada berilýär.

Orsýetdäki habarlarda Ýewtuşenkowyň 16-njy noýabra çenli öz tussaglygynda bolmalydygy aýdylýar. Şeýle-de onuň aklawçylarynyň Moskwanyň Basmannyý sudunyň kararyndan şikaýat etmek üçin üç gün möhletiniň bardygy habar berilýär.

Rus mediasynyň habarlaryna görä, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki iň uly nebit kompaniýasy bolan Rosneft iýun aýynda Başnefti satyn almak meselesine seretdi.

Iýulda bolsa, Moskwa sudy Başneftiň aksiýalaryny pul ýuwmak derňewi astynda doňduryp taşlady.

Rosneft prezident Wladimir Putiniň kuwwatly we uzak wagtlyk kömekçisi Igor Seçin tarapyndan dolandyrylýar.

Orsýetiň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň başlygy Aleksandr Şohin Ýewtuşenkowyň tussaglygy «şübhesiz nomer ikinji Ýukos bolup görünýär» diýdi.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow bu deňeşdirmäni derhal «heňe gelmeýän we esassyz zat» hökmünde ýalana çykardy.

RIA habar gullugynyň ýazmagyna görä, Peskow "Prezident derňew häkimiýetleriniň adalatly barlagyň çäginde ähli soraglara jogap tapmagyny isleýär" diýipdir.

Ýukos kompaniýasyny esaslandyryjy Mihail Hodarkowskiý 2003-nji ýylda ýarag astynda tussag edilip, 2005-nji ýylda ogurlykda we salgyt tölemekden gaçmakda günäli tapylypdy.

Bir zaman 40 milliard dollar emlägi bolan Ýukos dargadylyp, millileşdirilipdi we onuň aksiýalarynyň aglaba bölegi Rosnefte berlipdi.

Ukrain krizisi sebäpli Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň gadaganlyk sanawyna girizilen Seçin 2003-nji ýylda Hodorkowskiniň tussag edilmeginiň arkasynda duran adam hasaplanýar.

66 ýaşyndaky Ýewtuşenkow AFK Sistemanyň esaslandyryjysy we esasy eýeleriniň biri bolup durýar.

AFK Sistema 2009-njy ýylda esasy paýdarlarynyň birine öwrülenden soň, öz nebit ýataklarynda iň kämil dikeldiş usullarynyň ulanylmagy arkaly, Başneft rus kompaniýalarynyň arasynda iň ýokary öndürijilikli kärhanalaryň biri diýen derejäni gazandy.

AFK Sistema holding kompaniýasy, beýleki 200 çemesi emlägi bilen bilelikde, Orsýetiň iň uly mobil operatory bolan MTS-i hem öz içine alýar.

"Forbes" žurnaly Ýewtuşenkowy Orsýetiň iň baý 15-nji adamy hasaplamak bilen, onuň baýlygynyň 6.8 milliard dollara barabardygyny ýazýar.

XS
SM
MD
LG