Sepleriň elýeterliligi

"Hitrowka": Şahsy dükanlar ýapylýar


Çarşenbe gününden bäri Andalyp prospektinden gündogara gidýän ugurda 10-a golaý dükan ýapylypdyr

Çarşenbe gününden bäri Andalyp prospektinden gündogara gidýän ugurda 10-a golaý dükan ýapylypdyr

Häzirki wagtda paýtagty ikä bölüp geçýän demir ýoldan gaýradaky hususy dükanlar ýapylýar. Ýerli häkimiýetler bu ýerlerdäki hususy, bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň köçe tarapyndaky otaglarynda ýa-da şol jaýlaryň howlularynda açylan hususy dükanlaryň ýapylmagyny talap edip, aýlanyp çykypdyrlar. Häzirki wagtda eýýäm paýtagyň bu çetindäki ”Posýolka”, ”Woroşil” diýlip atlandyrylýan ýerlerdäki hususy dükanlaryň onlarçasy ýapyldy.

Diňe öňki Graždan köçesini alsaň-da, çarşenbe gününden bäri Andalyp prospektinden gündogara gidýän ugurda 10-a golaý dükan ýapylypdyr. Bu dükanlarda, esasan, azyk harytlary satylýardy. Paýtagtyň "Hitrowka" raýonynda hem ýapylan dükanlar bar. Olar, esasan, uly köçeleriň ugurlarynda ýerleşýärdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan şol ýerlerdäki dükan eýeleriniň aýtmaklaryna görä, häkimiýetler olaryň dükanlarynyň ýapylmagynyň sebäbini düşündirmändirler. “Geldiler. Ýapyň diýip aýtdylar. Näme üçin ýapylýandygyny bolsa aýtmadylar” diýip, Graždan köçesiniň ugrundaky bir dükanyň eýesi Aman aýdýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, howlulardaky bu dükanlarda söwda nokadyny ýöretmäge ygtyýar berýän hiç hili rugsatnama ýa-da patent ýok. Şol bir wagtda bu hususy dükanlar eýýäm ençeme ýyldan bäri ýörite bir rugsatnamasyz işleýärdiler.

Bu aralykda häkimiýetler bu işiň nähili dokument boýunça alnyp barylýandygy barada hem hiç hili maglumat bermändirler. Häzir paýtagtyň demir ýoldan gaýrasyndaky raýonlaryň hususy dükanlarynyň köpüsi ýapyklygyna dur.

Dükanlaryň ýapylmagy hususyýetçiler bilen birlikde ýerli ýaşaýjylarda hem nägileleik döredýär. Çünki bu ýerlerdäki döwlete degişli ýapylmadyk dükanlaryň assortimenti ýerli ilatyň isleglerini kanagatlandyryp bilmeýär. Olarda hususy dükanlardaky haryt assortimentiniň ýarpysy hem ýok. Mundan başga-da şol döwlet dükanlarynyň sany hem az. Mysal üçin, "Posýolka" diýlip atlandyrylýan raýonda iki sany döwlet dükany bar.

Graždan köçesindäki bir dükanyň eýesi Aman, resmi düşündiriş berilmese-de, agzalýan hususy dükanlaryň ýapylmagyna Bedew massiwindäki ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda hususy gurluşyk harytlarynyň dükanlarynyň ýapylmagynyň dowamy hökmünde garaýar.

“Garaz, hususy ýaşaýyş jaýlaryndaky dükanlary ýapjak bolýarlar. Hatda şeýle dükan açanyňda, hiç hili resminama hem berlenok” diýip, Aman aýdýar.

Şu ýylyň maý aýynyň başynda Bedew massiwindäki ýaşaýyş jaýlarynda dükanlar ýapylanda, ýerli häkimiýetler ýaşaýyş jaýlarynda dükanlaryň bolmaly däldigini dükan eýelerine aýdypdyrlar. Ýogsa, şol dükanlaryň köpüsinde degişli dokumentleri-de bar eken.

Çäklendirmeler

Gepiň gerdişine görä aýtsak, şu ýylyň başynda paýtagtyň golaýyndaky obalardaky hususy ýaşaýyş jaýlaryndaky dükanlaryň hem ählisi diýen ýaly ýapylypdy. Mysal üçin, Gypjakda, Babarapda şonuň ýaly dükanlaryň ählisi ýapyldy. Şol wagt paýtagtyň merkezi raýonlaryndaky kommersiýa kiosk dükanlarynyň hem ählisi ýapylypdy.

Mundan başga-da şu ýyl kommersiýa dükanlarynyň iş wagtlaryna hem çäklendirmeler girizildi. Olar öň gije sagat 23.00-a çenli işleýän bolsalar, indi sagat 22.00-a çenli işlemeli edildi.

Häkimiýetleriň hususy dükanlar babatynda girizýän çäklendirimeleriniň netijesinde ýyl-ýyldan olaryň sany azalýar. Paýtagtyň käbir raýonlarynda asla kommersiýa dükanlary galmandyr. Hususy kommersiýa dükany bar bolan raýonlarda bolsa, olar diňe podwallarda, ýagny ýerzeminlerde ýa-da ýarym ýerzeminlerde ýerleşýärler.

XS
SM
MD
LG