Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakiýewiň ogly gaýybana sud edilýär


Gyrgyzystanyň sudy ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň ogly Maksim barada täze gaýybana sudy başlatdy.

17-nji sentýabrda Maksim Bakiýewe we onuň öňki iki ýarany Mihail Nadele we Ýewgeniý Gurewiçe garşy maliýe galplyklary we bidüzgünçilik aýyplamalary ýöňkeldi. Olar Kurmanbek Bakiýewiň prezidentlik eden döwri bikanun bank dolandyryşlary arkaly döwletiň sosial gaznasyndan pul ogurlamakda aýyplanýarlar.

Maksim Bakiýew 2010-njy ýylda kakasy häkimiýetden çetleşdirilenden soň, Gyrgyzystany terk edipdi. Ol häzirki wagt Londonda ýaşaýar. Maksim Bakiýew korrupsiýa aýyplamalary boýunça eýýäm 25 ýyl türme tussaglygyna gaýybana höküm edilipdi.

Russiýanyň raýaty Nadel hem, Gyrgyzystanyň sudy tarapyndan 16 ýyl türme tussaglygyna gaýybana höküm edilipdi. Onuň nirededigi barada takyk maglumat berilmeýär.

Iýun aýynda Nýu-Ýorkyň federal sudy maliýe galplyklary üçin amerikan raýaty Gurewiçi 63 aý türme tussaglygyna höküm etdi. Ol Gyrgyzystanda 15 ýyl türme tussaglygyna gaýybana höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG