Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Onlarça söweşiji öldürildi


Pakistanyň armiýasy ýurduň demirgazyk-günbatarynda amala aşyran howa zarbalarynda 40 söweşijiniň öldürilendigini hem-de olaryň bäş sany buky ýeriniň we harby serişdeler saklanýan ammarlarynyň ýok edilendigini habar berýär.

Pakistanyň harbylarynyň berýän maglumatyna görä, howa zarbalary 17-nji sentýabrda Demirgazyk Waziristanyň Dattahel atly tire-taýpalar etrabynda amala aşyrylypdyr.

Pakistanyň armiýasy Demirgazyk Waziristan sebitini “Pakistanyň Talyban” hereketinden we beýleki söweşiji toparlardan arassalamak maksady bilen iýun aýynda öz hüjümlerini başladypdy. Harbylar bu hüjümlerde howa zarbalaryny, artilleriýa toplaryny, minomýotlary we meýdan güýçlerini ulanýarlar.

Olar bu operasiýalarda 1 müňden gowrak söweşijiniň we 100 çemesi esgeriň öldürilendigini aýdýarlar. Emma bu sanlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

XS
SM
MD
LG