Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýada 15 adam tussag edildi


Awstraliýanyň polisiýasy terrorçylyga garşy ençeme reýdleri gurnap, 15 adamy tussag etdi. 18-nji sentýabrda gurnalan bu reýdler Awtraliýanyň Sidneý, Brisban we Logan şäherlerinde geçirildi.

Awstraliýanyň Federal polisiýa komissarynyň orunbasary Andrew Kolwiniň (Andrew Colvin) sözlerine görä, 800 çemesi federal we döwlet polisiýa gullugynyň ofiserleri agzalan üç şäheriň çägindäki ondan gowrak emläge reýd gurnapdyrlar.

Kolwin: “Polisiýa şu gün geçirilen operasiýada tussag edilen toparyň Awstraliýada ýowuz çäreleri amala aşyrmak niýetiniň bardygyna we bu baradaky planlary düzmäge başlandygyna ynanýar” diýdi.

12-nji sentýabrda Awstraliýanyň resmileri ýurtda terrorçylygyň abandyrýan howp derejesini “ortaçadan” “ýokary” derejä çykardylar.

XS
SM
MD
LG