Sepleriň elýeterliligi

Kosowada ençeme ymam tussag edildi


Kosowanyň çäginde täsirli 15 musulman ymamy tussag edildi. Resmiler olaryň “Yslam döwleti” toparyna we “Al-Kaýda” hereketiniň Siriýadaky bölümine, Al-Nusra frontuna söweşijileri işe çekmek bilen ilteşikli tussag edilendigini aýdýarlar.

Kosowanyň resmileri Azatlyk Radiosynyň Kosowa bölümine beren maglumatynda 17-nji sentýabrda tussag edilenleriň arasynda Pristinanyň baş metjidiniň ymamy Şefket Krasnikiň we Mitrowise, Peç ýaly şäherlerdäki we käbir etraplardaky metjitleriň ymamlarynyň bardygyny mälim etdiler.

Şeýle-de, tussag edilenleriň arasynda “Yslam hereket bileleşigi” atly aşa dinçi musulman guramasynyň lideri Faud Ramiki bar. Bu gurama soňy bilen özüni syýasy partiýa öwüripdi.

Tussag edilenlere garşy ýöňkelýän aýyplamalaryň arasynda Kosowanyň “konstitusion gurluşyna we howpsuzlygyna wehim abandyrmak” ýaly aýyplamalar bar.

XS
SM
MD
LG