Sepleriň elýeterliligi

logo-print

200 täjigistanly Siriýada söweşýär


Täjigistanyň prezidenti 200 çemesi täjik raýatynyň Yrakda we Siriýada yslamçy söweşijilere goşulandygyny aýdýar.

18-nji sentýabrda häkimiýet başyndaky Halk demokratik partiýasynyň maslahatynda eden çykyşynda Emomali Rahmon jyhadçy toparlar bilen bile söweşýän 30 täjik söweşijiniň daşary ýurtlarda öldürilendigini we Täjigistana dolanyp gelen ýene birnäçesiniň tussag edilendigini aýtdy.

Rahmon dini ekstremizmiň Täjigistanyň howpsuzlygyna uly wehim salýandygyny aýtdy we aýratynam ýaşlaryň arasyndaky ekstremizme garşy çäreleriň häkimiýet başyndaky partiýanyň ileri tutýan meseleleriniň biri bolmalydygyny belledi.

Tajik resmileri şu hedede ýurdy terk edip, Siriýada söweşýän jyhadçy adamsynyň ýanyna gitmäge synanyşandygy güman edilýän zenany tussag etdiler. Şahrak obasynyň ýaşaýjysy bolan bu zenanyň üç çagasy bilen ýurduň daşyna gitmäge synanyşandygy aýdylýar. Ýerli resmiler bu obadan eýýäm 20 adamyň Siriýada söweşýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG